Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden: ABŞ Putiniň Ukrainany basyp almak kararyna gelendigine "ynanýar"


Jo Baýden
Jo Baýden

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň öňümizdäki hepde Ukrainany basyp almak kararyna gelendigine özüniň "ynanýandygyny" aýtdy. Ýöne ol bu babatda diplomatik çözgüde gelnip bilinjekdigine heniz-de umyt baglaýandygyny hem belledi.

"Şu pursatdan başlap, onuň Ukrainany basyp almak kararyna gelendigine ynanýaryn" diýip, Baýden 18-nji fewralda Ak tamda geçiren metbugat ýygnagynda aýtdy. Bu ýygnak Baýdeniň ýewropaly kärdeşleri bilen geçiren we 45 minut dowam eden konferensiýasynyň yz ýany boldy.

Baýden urşuň öňüni aljak ylalaşygy gazanmak tagallalaryň çäginde, ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinkeniň 24-nji fewralda Ýewropada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşjakdygyny hem aýtdy.

“Russiýa şol seneden öň harby çäre görse, onda onuň diplomatiýanyň gapysyny ýapandygy aýdyň bolar. Olar urşy saýlan bolarlar we munuň üçin gaty uly baha tölemeli bolarlar" diýip, Baýden aýtdy.

Russiýa Ukrainany basyp almak planlarynyň bardygy baradaky aýdylanlary ret etdi.

XS
SM
MD
LG