Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukrainanyň gündogaryndaky separatist liderler harby mobilizasiýa yglan etdi


Ukrainanyň gündogaryndaky separatist liderler Denis Puşilin we Leonid Paseçnik

Ukrainanyň gündogarynda ruslar tarapyndan goldanylýan separatist liderler çozuş aladalarynyň artmagynyň fonunda, doly harby mobilizasiýa geçmek barada buýruk berdiler.

Separatistler tarapyndan basylyp alnan Donetsk we Luhansk sebitleriniň de-fakto baştutanlary Denis Puşilin we Leonid Paseçnik 19-njy fewralda aýry-aýry beýanat ýaýradyp, goşun bölümleriniň doly ýygnalýandygyny yglan etdiler we ätiýaçdakylary harby gulluga gitmäge çagyrdylar.

Bu çäre, soňky günlerde sebitdäki separatistler bilen ukrain güýçleriniň arasyndaky çyzykda zorlugyň möwjän mahalyna gabat geldi. Günbatar Moskwanyň bu möwjemäni Ukraina hüjüm etmek üçin bahana hökmünde ulanyp biljekdiginden alada edýär.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gözegçi toparynyň 18-nji fewralda beren maglumatyna görä, soňky 24 sagadyň dowamynda Ukrainanyň gündogarynda ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyk 600-e golaý gezek bozuldy, şol sanda 300-den gowrak partlama boldy. 18-nji fewralda separatistler ýaşaýjylary Russiýanyň günorta-gündogaryna ewakuasiýa edip başladylar.

Russiýa gündogar Ukrainanyň on müňlerçe raýatyna pasport berdi. Bu hereket Günbatar tarapyndan tankyt edildi.

Russiýa gündogar Ukrainadaky “raýatlaryny” goramak bahanasy bilen Ukraina etmegi ähtimal çozuşy aklamaga synanyşyp biler diýip, Günbatar resmileri aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG