Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Harris, Russiýa Ukrainany basyp alsa, NATO özüniň gündogar tarapyny güýçlendirer diýýär


ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris 19-njy fewralda Mýunhen howpsuzlyk konferensiýasynda çykyş edýär.

ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris mundan beýläk Russiýanyň Ukraina haýsydyr bir çozuşynyň NATO-nyň gündogar bölegini güýçlendirmek arkaly çözüljekdigini aýtdy.

"Biz ykdysady çäreler bilen çäklenmeris" diýip, Harris aýtdy.

19-njy fewralda Mýunhen howpsuzlyk konferensiýasynyň ýyllyk ýygnagynda çykyş eden Harris çozuşa gaýtawul hökmünde "biz gündogar tarapdaky NATO ýaranlarymyzy has-da güýçlendireris" hem diýdi.

Onuň bu çykyşy ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Ukrainany basyp almak kararyna gelendigine "ynanýandygyny" aýdandan bir gün soň boldy.

Russiýanyň Ukrainanyň serhedinde azyndan 150 müň esgeri bar we soňky iki günüň dowamynda gündogar Ukrainanyň aragatnaşyk çyzygynda, ýagny Russiýa tarapyndan goldanýan separatistleriň bölekleýin gözegçiligindäki Donetsk we Luhansk sebitlerinde ýagdaý has-da ýaramazlaşdy. Kiýew separatistleri ukrain pozisiýalaryna ot açmakda aýyplaýar.

Bu aladalar bilen bir wagtda, 19-njy fewralda Putin Russiýanyň strategiki ýadro raketa güýçleriniň gatnaşmagynda täze harby türgenleşikleri geçirip başlady.

19-njy fewralda irden Mýunhen howpsuzlyk konferensiýasynda NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg Russiýany “söweşe taýýarlygy bes etmäge” we Ukraina bilen serhetde döreden krizisiniň diplomatik çözgüdini tapmaga çagyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG