Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýanyň kansleri: Eýranyň ýadro gepleşikleri "hakykat pursadynda" dur


Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz 19-njy fewralda Mýunhen howpsuzlyk konferensiýasynda çykyş edýär.
Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz 19-njy fewralda Mýunhen howpsuzlyk konferensiýasynda çykyş edýär.

Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz Eýrany 2015-nji ýyldaky ýadro şertnamasyny saklap galmaga gönükdirilen gepleşikleri bozmazlyga çagyrdy.

"Eýranyň ýolbaşçylarynyň indi saýlamak mümkinçiligi bar: häzir hakykat pursady" diýip, Şolz 19-njy fewralda geçirilen Mýunhen howpsuzlyk konferensiýasynda aýtdy.

Şolz soňky 10 aýyň dowamynda Wenada geçirilen gepleşiklerden soň, "gepleşikleri tamamlamak üçin ähli elementleriň stoluň üstünde durýandygyny" aýtdy.

Muňa garamazdan, ol BMG-niň ýadro agentligi öz gözegçiligini togtadansoň, Eýran ýangyç baýlaşdyrmagy dowam etdirse, onda munuň dünýäniň kuwwatly ýurtlary üçin “kabul ederliksiz” boljakdygyny hem duýdurdy.

"Häzir biziň sanksiýalaryň ýatyrylmagyna ýol açjak ylalaşyk gazanmaga mümkinçiligimiz bar" diýip, Şolz aýtdy. Şol bir wagtda, ol "bu işi çalt ýerine ýetirip bilmesek, gepleşikleriň başa barmazlyk töwekgelçiligi bar" hem diýdi.

Germaniýa, Fransiýa we Britaniýa, şeýle-de, Russiýa we Hytaý Eýranyň we ABŞ-nyň arasyndaky gepleşiklere birnäçe aý bäri araçylyk edýärler.

XS
SM
MD
LG