Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski hyzmatdaşlar bolsa-da, bolmasa-da Ukrainanyň özüni gorajakdygyny aýdýar


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Mýunih howpsuzlyk konferensiýasyna gatnaşýar. 19-njy fewral, 2022 ý. Mýunih.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Mýunih howpsuzlyk konferensiýasyna gatnaşýar. 19-njy fewral, 2022 ý. Mýunih.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 19-njy fewralda Günbatar liderleriniň çagyryşlaryna goşulyp, Russiýany dartgynlygy ýatyşdyrmaga çagyrdy. Azyndan 150 müň rus esgeri Ukrainanyň serhedinde bolup, Russiýanyň Ukraina çozmagy baradaky gorky-howatyrlaryň arasynda dartgynlylyk güýçlenýär.

Mýunih howpsuzlyk maslahatynda eden çykyşynda Zelenski Ukrainanyň öz topragyny hyzmatdaşlar bilen-de, olarsyz hem gorajakdygyny aýtdy.

Ol bu sözleri Mýunih ýygnagynyň gapdalyndan ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris bilen geçiren duşuşygynda aýtdy. Harris howpsuzlyk konferensiýasynda eden çykyşynda mundan beýläk Russiýanyň Ukraina haýsydyr bir çozuşyna NATO-nyň gündogar ganatyny güýçlendirmek arkaly gaýtawul beriljekdigini we Moskwa üçin “görlüp-eşidilmedik” baha tölediljekdigini aýtdy.

Biz ykdysady çäreler bilen çäklenmeris. Çozuşa jogap hökmünde “biz gündogar ganatdaky NATO ýaranlaryny mundan beýläk-de güýçlendireris” diýip, Harris 19-njy fewralda geçirilen Mýunih howpsyzlyk maslahatynyň ýyllyk ýygnagynda aýtdy.

Şeýle-de, Harris hüjüme girişen halatynda Russiýanyň “görlüp-eşidilmedik” maliýe kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny hem-de şeýle hüjümiň ýewropaly ýaranlary ABŞ-a ýakynlaşdyrjakdygyny aýtdy.

ABŞ prezidenti Jo Baýden şondan bir gün soň aýdan belliklerinde özüniň rus prezidenti Wladimir Putiniň çozuş barada karar kabul edendigine 'ynanýandygyny' aýtdy.

XS
SM
MD
LG