Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stoltenberg: Alamatlar Russiýanyň Ukraina ‘doly masştably hüjüm’ meýilleşdirýändigini görkezýär


NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg
NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg

NATO rus goşunynyň goňşy Ukraina garşy “doly masştably hüjüme” girişjegini çaklaýar.

“Ähli alamatlar Russiýanyň Ukraina garşy doly masştably hüjüm planlaşdyrýandygyny görkezýär” diýip, NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg 19-njy fewralda Mýunih howpsuzlyk maslahatynyň gapdalynda ARD nemes telekanalyna beren interwýusynda aýtdy.

“Russiýa goşun yza çekilýär diýse-de, hiç hili goşun çekilenok, gaýta täze goşunlar üstüne goşulýar” diýip, ol aýtdy.

Şeýle-de, Stoltenberg Russiýanyň hüjüme girişmek üçin bahana tapmaga taýýarlyk görýändigi barada alamatlaryň bardygyny aýtdy.

Ol bu sözleri NATO Ukrainadaky işgärlerini howpsuzlyk sebäpli paýtagt Kiýewden ýurduň günbataryna hem-de Brýussele göçürýän mahaly aýtdy.

XS
SM
MD
LG