Gazagystanyň öňki goranmak ministri Murat Bektanow tussag edildi.
Oňa iş başyndaky hökümete garşy guralan protestler we olar netijesinde dörän bidüzgünçilikler wagtynda gyrada, hereket etmän durmak aýyplamasy bildirildi. Öňki ministr Nur-Soltan şäherindäki deslapky tussaghana ýerleşdirildi.
Murat Bektanow 2021-nji ýylyň awgust aýyndan bäri Gazagystanyň Goranmak ministrligine ýolbaşçylyk edýärdi.
Emma ol şu ýylyň 19-njy ýanwarynda, protestleriň gyzgalaňly wagtynda, respublikanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň karary bilen wezipesinden boşadyldy.
Ýanwar aýynyň başynda, ýangyç bahalarynyň birden gymmatladylmagy netijesinde, Gazagystanda halk protestleri başlandy. Ilki bilen demonstrantlar ýangyjyň bahasynyň arzanladylmagyny talap etdiler, ýöne soň olar syýasy talaplary hem öňe sürdüler.
Protestçiler "Şal, ket!" - "Goja, git!" diýip, ýurda uzak ýyllar ýolbaçşylyk eden Nazarbaýewiň häkimiýet başyndan ymykly aýrylmagyny talap etdiler.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.