Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

German premýeri Putin bilen telefonda gepleşer


Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz Moskwada Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşýär. 15-nji fewral, 2022.

Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz 21-nji fewralda, Ukrainadaky "betbagtçylygyň öňüni almak" tagallalarynyň çäginde, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen telefonda gürleşmegi meýilleşdirilýär.

Metbugat sekretary Steffen Hebestreit bu söhbetdeşligiň "şu gün öýlän", Putin bilen 20-nji fewralda we 21-nji fewral güni irden iki gezek gürleşen fransuz prezidenti Emmanuel Makron bilen "ýakyndan utgaşdyrylandygyny" aýtdy.

Metbugat wekiliniň sözlerine görä, Şolzyň meýilleşdirýän gepleşikleri Günbataryň Russiýanyň Ukraina girmeginiň öňüni almak üçin edýän "bilelikdäki diplomatik tagallalarynyň" bir bölegi bolup durýar.

Eger-de Orsýet goňşusynyň üstüne goşun sürmek kararyna gelse, Germaniýa Moskwa garşy berk sanksiýa girizmek meselesinde günbatar ýaranlaryna goşuljakdygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG