Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Zelenski rus hereketleriniň öňünde “açyk, netijeli” goldaw gözleýär


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski öz ýurdunyň Orsýet tarapyndan basylyp alynmak howpy bilen ýüzbe-ýüz durýan pursatynda, Kiýewiň öz ýaranlaryndan diňe sözlere däl-de, eýsem “açyk” goldaw we hereket alamatlaryna garaşýandygyny aýtdy.

“Biz öz hyzmatdaşlarymyzdan açyk we netijeli goldaw çärelerine garaşýarys. Biz üçin häzir hakyky dostumyzyň we hyzmatdaşymyzyň kimdigini, Russiýany kimleriň diňe sözde gorkuzmagy dowam etdirjegini görmek örän möhüm" diýip, ol 21-nji fewral güni giçlik telewideniýede berlen sözünde aýtdy.

Bu sözler Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin BMG-niň we Günbatar ýurtlarynyň eden duýduryşlaryna garaman, gündogar Ukrainanyň iki sebitinde Russiýanyň goldawy esasynda söweşýän separatistleriň garaşsyzlyk tekliplerini ykrar etjekdigini mälim edeninden soň aýdyldy.

Zelenski 22-nji fewralda geçirilen metbugat ýygnagynda Daşary işler ministrliginiň Russiýa bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesmek baradaky haýyşyna seredýändigini aýtdy.

Şeýle-de, ol Günbataryň Moskwa garşy girizen sanksiýalarynda "Demirgazyk akym 2” taslamasyny doly togtatmagyň hem bolmalydygyny aýtdy.

Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky "Demirgazyk akym 2” gaz geçirijisi Baltika deňziniň üsti bilen Germaniýa tebigy gaz iberilmegini üpjün etmeli.

Birleşen Ştatlar Ýewropanyň Russiýanyň energiýa üpjünçiligine aşa garaşly boljakdygyny we sowa geçirilen geçirijiniň Ukraina ykdysady zyýan ýetirjekdigini aýdyp, bu geçirijä garşy çykdy.

W. Putin, parahat ilaty hüjümden goramak üçin, bu sebitlere goşun iberjekdigini aýtdy. Günbatar bu hereketi ýazgardy, Birleşen Ştatlar bolsa munuň Ukrainany basyp almak üçin bahana döretmek synanyşygynyň bir bölegidigini aýtdy.

"Ukraina Russiýa Federasiýasynyň soňky hereketlerini biziň döwletimiziň özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini hiç bir şübhesiz bozmak diýip kesgitleýär" diýip, Zelenski aýtdy.

Şu aralykda, Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz Putiniň ukrain sebitleriniň 'garaşsyzlygyny' ykrar etmeginiň fonunda "Demirgazyk akym 2-niň" sertifikasiýasyny togtatdy diýip, "Der Spiegel" habar berýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG