Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina 18-60 ýaş aralygyndaky ätiýaçdaky harbylaryny gulluga çagyrýar


Ukrain harbylary
Ukrain harbylary

Ukraina 23-nji fewralda 18-60 ýaş aralygyndaky ätiýaçdaky harbylaryny bir ýyl möhlet bilen gulluga çagyryp başlady. Prezident Wolodymyr Zelenskiý bu baradaky karary Ukrainanyň Russiýanyň doly derejeli hüjüme geçmek baradaky howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýan döwri kabul etdi.

Zelenskiý 22-nji fewralda eden çykyşynda ätiýaçdaky harbylary gulluga çagyrýandygyny, emma häzirlikçe goşunlaryň umumy mobilizasiýasyny geçirmegi göz öňünde tutmaýandygyny aýtdy.

“Biz Ukrainanyň armiýasynyň ýagdaýlaryň islendik ugur boýunça özgermegine taýýarlygyny güýçlendirmeli” diýip, Zelenskiý milli telewideniýede aýtdy.

Zelenskiý häzirki krizise heniz hem diplomatik çözgüt gözleýändigini, emma Ukrainanyň Russiýa hiç bir territoriýasyny bermejekdigini belledi.

XS
SM
MD
LG