Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň hüjüminden soň nebitiň global bahasy $100-den aşdy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Russiýanyň Ukraina garşy giň gerimli hüjüme geçmeginden soň, dünýäde nebitiň barreliniň bahasy 100 dollardan aşdy we global fond bazarlary çagşady.

Global durkuksyzlyk wagty degişlilikde howpsuz hasaplanýan altynyň we ýapan ýeniniň bahalary hem ýokarlandy.

Hong Konguň, Sidneýiň, Mumbaýyň we Seulyň fond biržalarynyň ählisi hem 3%-den köp pese gaçdy.

Tokio, Singapur, Taipei we Wellington bazarlary 2%-den köp aşak gaçdy.

Russiýanyň resmileri Moskwanyň alyş-çalyş biržasyndaky ähli söwdalary togtatdylar.

Rus rubly irki bazarlarda 9% gaçdy.

XS
SM
MD
LG