Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO-nyň Merkezi Ýewropa agzalary Russiýanyň Ukraina garşy hüjümini ýazgardylar


NATO

NATO agza döwletleriň “gündogar flangy” diýlip atlandyrylýan ýurtlar Russiýanyň şu gün irden Ukraina garşy amala aşyran hüjümini ýazgardylar.

Rumyniýanyň prezidenti Klaus Iohannis muny “halkara kanunynyň gödek bozulmasy” diýip atlandyrdy we muňa “halkara jemgyýetçiliginiň berk reaksiýa görkezjekdigini” aýtdy.

Polşanyň premýer-ministri Mateusz Morawieçki “biz Russiýanyň Ukraina babatyndaky jeýanatyna dessine jogap bermelidiris. Ýewropa we tutuş azat dünýä Putini duruzmalydyr. Şu gün Ýewropanyň Geňeşi iň berk sanksiýalary kabul etmelidir” diýip, belledi.

Bolgariýanyň daşary işler ministri Teodora Gençowska öz Twitter hasabynda “Men Russiýanyň Ukraina babatyndaky harby agressiýasyny ýazgarýaryn” diýip, ýazgy galdyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG