Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowa ukrainalylaryň mümkin akymynyň arasynda adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi


Moldowa-Ukraina serhet geçelgesindäki ulaglaryň nobaty
Moldowa-Ukraina serhet geçelgesindäki ulaglaryň nobaty

Moldowanyň prezidenti Mais Sandu 24-nji fewralda ýurtda adatdan daşary ýagdaýyň yglan edilýändigini, şeýle-de öz ýurdunyň Russiýanyň hüjüminden soň goňşy Ukrainadan geljek on müňlerçe adamy kabul etmäge taýýardygyny aýtdy.

“Biz kömegimize we goldawymyza mätäç adamlara hemaýat ederis” diýip, Sandu aýtdy.

Moldowanyň habar serişdeleri Ukraina bilen Moldowanyň serhet araçäginde onlarça ulagyň nobatda durandygy barada maglumat berýärler.

Sandu Ukrainadaky ähli moldowanlary dessine ýurduna dolanmaga çagyrdy.

XS
SM
MD
LG