Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Moskwa bilen diplomatiki gatnaşyklary bozýandygyny mälim etdi, şeýle-de ukrain raýatlaryny ýurdy Russiýanyň hüjüminden goramaga hemaýat bermäge çagyrdy. Ol munuň üçin ýaraglaryň bölünip beriljekdigini aýtdy.
24-nji fewralda eden çykyşynda Zelenski “ar-namysyny ýitirmedik” diýip häsiýetlendiren russiýalylara hem ýüzlenip, öz hökümetiniň Ukraina garşy hüjümine garşy proteste çykmaga çagyrdy.
Zelenksi Russiýanyň hüjümi netijesinde Ukrainanyň “uly ýitgileri” çekýändigini aýdyp, adamlary gan tabşyrmaga hem çagyrdy.
Gelip gowuşýan dürli maglumatlaryň arasynda, Zelenskiniň maslahatçysy hüjümiň ilkinji sagatlarynda 40 töweregi ukrainyň öldürilendigini we azyndan onusynyň ýaralanandygyny aýtdy.
Ukrain resmileri ýurduň harbylarynyň Russiýanyň hüjümine garşy söweşýändiklerini aýtdylar we Günbatardan goranmaga hemaýat bermegi soradylar.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.