Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen “Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň arasynda telefon söhbetdeşligi boldy diýip, TDH 24-nji fewralda habar berdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we özara gyzyklanma bildirilýän taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy, 2008-nji ýylda döredilen geňeşiň agzalary bolup durýan amerikan kompaniýalarynyň türkmen bazarynda strategik ähmiýetli ugurlarda üstünlikli işleýändikleri bellenildi.
Döwlet eýeçiligindäki neşiriň ýazmagyna görä, G.Berdimuhamedow ABŞ-nyň işewürler toparlarynyň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanmasyny goldaýandygyny hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.