Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistana BSG-ä goşulýan ýurt (işjeň synçy) derejesi berildi


Aşgabatda gurlan söwda merkezleriniň biri
Aşgabatda gurlan söwda merkezleriniň biri

Bütindünýä söwda guramasynyň Baş geňeşiniň 23-nji fewralda, Ženewadaky merkezi edarasynda geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň bu gurama goşulmak baradaky ýüzlenmesi makullandy.

Marrakeş ylalaşygynyň XII maddasyna laýyklykda, Türkmenistana BSG-ä goşulýan ýurt (işjeň synçy) derejesini bermek baradaky karar kabul edildi, bu derejäniň alynmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy baradaky iş topary döredildi diýip, resmi habarda bellenýär.

TDH Türkmenistana BSG-de synçy derejesiniň 2020-njy ýylyň iýulynda berlendigini, munuň ýurda guramanyň işiniň esasy ugurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berendigini belleýär.

Mejlisiň işine Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky bölüminiň ýanyndaky hemişelik wekili gatnaşdy.
BSG-ä goşulýan ýurt derejesi (“işjeň synçy”) Türkmenistanyň daşary söwdadaky ornuny pugtalandyrmaga ýardam eder diýip, habarda nygtalýar.

XS
SM
MD
LG