Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara Jenaýat kazyýetiniň prokurory Russiýanyň Ukraina çozmagyndan alada bildirýär


Rus protestçisi
Rus protestçisi

Halkara Jenaýat Kazyýetiniň prokurory Karim Han 25-nji fewralda Russiýanyň Ukraina çozmagyndan alada galýandygyny we kazyýetiň ýurtda bolup biljek uruş jenaýatlaryny derňäp biljekdigini aýtdy.

"Ukrainanyň çäginde duşmançylyk edýän taraplaryň ählisine meniň edaramyň öz ygtyýarlyklaryndan peýdalanyp, genosid, adamzada garşy jenaýat ýa-da Ukrainada edilen uruş jenaýatlary boýunça derňew geçirip biljekdigini ýatladýaryn" diýip, Han öz beýanatynda aýtdy.

"Çaknyşyklaryň ähli taraplarynyň halkara ynsanperwerlik kanunlary boýunça öz üstelerine alan borçnamalaryna hormat goýmagy hökmanydyr" diýip, Han öz edarasynyň Ukrainadaky ýagdaýlara ýakyndan gözegçilik etjekdigini hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG