Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, ÝB, Britaniýa Russiýanyň banklaryny SWIFT ulgamyndan kesmek barada ylalaşdylar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

ABŞ-nyň, Ýewropa Bileleşiginiň we Britaniýanyň ýolbaşçylygyndaky Günbatar döwletleri Russiýanyň “kesgitlenen” banklarynyň SWIFT maliýe ulgamyndan peýdalanyp bilmek mümkinçiliklerini togtatmak, şeýle-de Russiýanyň Merkezi bankyna garşy “çäklendiriji” çäreleri girizmek barada ylalaşdylar. Bu Kremliň şu hepdäniň başynda Ukraina çozmagyna jogap hökmünde amal edildi.

Bu gadagançylyklar Russiýanyň Ukraina garşy agressiýasy bilen baglylykda häzire çenli yglan edilen iň berk sanksiýalar boldy.

ABŞ administrasiýasynyň ýokary derejeli wekili bu çäreleriň Russiýanyň soňky ýyllarda kemala getiren maliýe goragyny böwüsjekdigini we rus rublynyň “erkin aşaklamasyna” getirjekdigini duýdurdy.

Bu sanksiýalar 26-njy fewralda giçlik Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan bilelikde yglan edildi. Bu aralykda, Russiýanyň Ukraina çozuşy dördünji gün dowam edýär.

XS
SM
MD
LG