Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tihanowskaýa: Lukaşenka Belarusy Ukrainadaky wakalara çekip ‘dönüklik’ etdi

Russiýa Ukraina hüjüm etmeginiň öňüsyrasy Belarus bilen bilelikdäki harby-türgenleşikleri geçirdi.
Russiýa Ukraina hüjüm etmeginiň öňüsyrasy Belarus bilen bilelikdäki harby-türgenleşikleri geçirdi.

Belarusyň oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa diýdimzor Aleksandr Lukaşenkanyň Russiýanyň Ukraina hüjümi bilen ilteşikli “dökünlik edendigini” aýtdy, şeýle-de özüni “milli lider” yglan edendigini mälim etdi.

“Lukaşenka dönüklik etdi. Ol biziň ýurdumyzy Ukraina edilen hüjüme çekdi” diýip, ol 26-njy fewralda Twitter hasabynda ýerleşdiren wideo-ýüzlenmesinde aýtdy.

Lukaşenka belarus goşunynyň konflikte gatnaşmaýandygyny öňe sürse-de, Russiýa şu hepdäniň başynda Ukraina garşy ganly hüjüme başlamak üçin Belarusyň territoriýasyndan hem peýdalandy.

Minsk Moskwa üçin ýurduň ýag-ýangyç stansiýalaryny, howa goranyş we gözegçilik ulgamlaryny hem elýeterli etdi.

XS
SM
MD
LG