Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa Ukrainany ýaraglar bilen üpjün eder


Germanianyň kansleri Olaf Şolz
Germanianyň kansleri Olaf Şolz

Germaniýanyň hökümeti Russiýanyň başladan hüjüminiň arasynda Ukrainanyň goranyş mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin, Kiýewe tanklara garşy 1 müň, şeýle-de uçarlara garşy 500 Stringer ulgamyny berjekdigini mälim etdi. Bu Berliniň uruş bilen baglylykdaky tutumyny ýitgi üýtgetmegi boldy.

Mundan başga-da, 26-njy fewralda Berlin Niderlandlara Germaniýada öndürilen tanklara garşy ýüzlerçe ýaragy Ukraina bermegi üçin ygtyýarlyk berendigini aýtdy.

“Russiýanyň Ukraina hüjümi kesgitleýji pursat boldy. Ukrainany Putiniň çozuşyndan özüni gorap bilmegi üçin goldamalydyrys” diýip, kansler Olaf Şolz aýtdy.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Germaniýanyň bu kararyny goldap, “muny dowam ediň, kansler Olaf Şolz” diýip belledi.

XS
SM
MD
LG