Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin öňüni alyş ýadro güýçlerini ýokary hüşgärlik derejesine geçirdi


Prezident Wladimir Putin Milli Goranyş dolandyryş merkezinde (arhiw suraty)
Prezident Wladimir Putin Milli Goranyş dolandyryş merkezinde (arhiw suraty)

Prezident Wladimir Putin Russiýanyň öňüni alyş ýadro güýçlerini ýokary hüşgärlik derejesine geçirdi. Bu Russiýanyň Ukraina hüjüm etmegi netijesinde Günbatar bilen Moskwanyň arasyndaky dartgynlylyklaryň ýitileşen döwründe bolup geçýär.

Putin 27-nji fewralda ýokary derejeli rus resmileri bilen geçiren gepleşiginde NATO güýçleriniň “agressiw beýanatlary” edendigini aýtdy, şeýle-de Günbatar ýurtlarynyň, şol sanda şahsy özüne agyr ykdysady sanksiýalary girizendigine ünsi çekdi.

Putin goranmak ministrine we baş ştabyň ýolbaşçysyna ýurduň öňüni alyş ýadro güýçlerini “söweş nobatçylygynyň ýörite režimine geçirmek” barada görkezme berdi. Bu ýurduň ýadro ýaraglaryny islendik pursat atylmaga taýýar ýagdaýa getirmek diýmegi aňladýar.

Bu dessine Günbatarda ýadro ýaragynyň ulanylyp bilinjekdigi baradaky howatyrlanmalary döretdi.

ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Linda Tomas-Grinfield bu buýrugyň kabul ederliksiz dartgynly ýagdaýy döredýändigini aýtdy.

“Bu prezident Putiniň bu urşy dolulygyna kabul ederliksiz ýagdaýda dartgynlaşdyrmagy dowam etdirýändigini aňladýar. Biz onuň hereketlerini mümkin iň berk usulda saklamagymyzy dowam etdirmelidiris” diýip, Tomas-Grinfield CBS beren interwýusynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG