Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günbataryň girizen berk sanksiýalaryndan soň, rus rubly ýanyny ýere berýär


Uly ýedilik toparynyň (G7) ýurtlary Moskwa garşy gazaply maliýe sanksiýalaryny yglan edeninden soň, Russiýanyň milli walýutasynyň hümmeti rekord derejede, tasdan dörtden bir pese gaçdy.

Ukraina esassyz goşun sürmegi sebäpli, bu sanksiýalar prezident Wladimir Putini jezalandyrmak üçin girizildi.

Bloombergiň maglumatlaryna görä, 28-nji fewralda rubl ABŞ dollarynyň garşynda geçen hepde aýagynda 83.7 bolanlygyndan 114-e düşdi. Russiýanyň Merkezi banky rubluň hümmetiniň çalt peselişiniň öňüni almaga synanyp, özüniň esasy göterim derejesini 9.5% -den 20% -e çenli ýokary galdyrdy.

Bank.ru-nyň habaryna görä, täjirçilik banklary onlaýnda dollara 120 bilen 140 rubl aralygynda, has arzan nyrhlary hödürleýär.

Russiýa oktýabr aýynyň aýagynda Ukrainanyň serhedinde goşun toplap başlaly bäri rubl 40% çemesi hümmetini ýitirdi.

G7 hepde ahyrynda Russiýanyň Merkezi Bankyna garşy sanksiýa girizjekdigini we onuň birnäçe uly maliýe guramasyny SWIFT diýip bilinýän dünýä bank habarlaşma ulgamyndan kesjekdigini mälim etdi.

Sanksiýalar Merkezi Bankyň G7 walýutasynda görkezilen ätiýaçlyklaryny satmak arkaly rubly goramak ukybyny peseldýär. Bu habar ruslaryň arasynda gorky döretdi we olar hepde ahyrynda pul çykarmak we rubl çalyşmak üçin uzyn nobata düzüldi.

XS
SM
MD
LG