Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ BMG-niň rus missiýasynda işleýän 12 diplomaty içalyçylykda aýyplap, ýurtdan kowýar


 Russiýanyň BMG-däki ilçisi Wasiliý Nebenzia
Russiýanyň BMG-däki ilçisi Wasiliý Nebenzia

Russiýanyň BMG-däki diplomatik missiýasynyň 12 agzasyna 7-nji marta çenli ABŞ-dan çykmak buýruldy, olar “aňtaw gullugynyň işgerleri” bolup, içalyçylyk bilen meşgullanmakda aýyplanýar.

ABŞ-nyň BMG-däki missiýasynyň metbugat wekili ýurtdan çykarylýan diplomatlaryň ýaşaýan ýurtlarynyň "milli howpsuzlygyna zyýan berýän içalyçylyk işlerine gatnaşmak bilen, ABŞ-da ýaşamak hukugyndan hyýanatçylykly peýdalanandygyny" aýtdy.

Missiýa aýyplanýan diplomatlary ýurtdan çykarmak kararynyň üstünde “birnäçe aý bäri işlenýändigini” we oňa ABŞ-nyň Birleşen Milletler Guramasy bilen BMG-ni kabul edýän ýurt hökmündäki şertnamasy esasynda gelnendigini aýtdy.

Diplomatlaryň ýurtdan çykarylmagyny ilki ABŞ-nyň ilçisiniň orunbasary Riçard Mills tassyklady. Ol BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine "kabul edilýän ýurduň milli howpsuzlygyna zyýan ýetirmezligi üçin", olaryň gitmeginiň soralandygyny aýtdy.

Russiýanyň BMG-däki ilçisi Wasiliý Nebenzia muny BMG-niň guramany kabul edýän ýurt bilen baglaşan şertnamasynyň "gödek bozulmagy" we diplomatik gatnaşyklary kepillendirýän Wena konwensiýasynyň bozulmagy diýip atlandyrdy.

Russiýanyň ABŞ-daky ilçisi ýurtdan rus diplomatlarynyň ýurtdan çykarylmagyny "duşmançylykly çäre" diýip häsiýetlendirdi we Moskwanyň ABŞ-nyň aýdanlaryny düýbünden ret edýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG