Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk prezidenti Lukaşenka bilen Ukrainadaky urşy maslahatlaşýar


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Kiýewde prezident Wolodymyr Zelenski bilen, 3-nji fewral, 2022.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Kiýewde prezident Wolodymyr Zelenski bilen, 3-nji fewral, 2022.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň edarasy Russiýanyň Ukraina edýän hüjümini Moskwa bilen ýakyn hyzmatdaşlykda durýan belarus hökümdary Aleksandr Lukaşenka bilen ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy.

1-nji martda, irden geçirilen telefon söhbetdeşligi düýn Belarusda ukrain we rus resmileriniň arasynda ýaraşyk barada geçirilen gepleşiklere gönükdirildi. Bu gepleşik görnetin netijesiz, ýöne ýakyn günlerde ýene bir gepleşik geçirmek ylalaşygy bilen tamamlandy.

Aýdylmagyna görä, Erdogan NATO agzasy bolan Türkiýäniň altynjy gününe giren urşy togtatmak tagallasyny dowam etdirjekdigini, Ankaranyň hem Moskwa, hem Kiýew bilen gatnaşyklaryny saklap, halkara şertnamasyna eýermek bilen, öz ýurdunyň rus harby gämileriniň türk bogazlaryndan Gara deňze geçmegini çäklendirilmegi durmuşa geçirjekdigini aýtdy.

Erdogan 28-nji fewralda Russiýanyň Ukraina çozmagyny "kabul ederliksiz" diýip atlandyrdy we Türkiýäniň NATO harby bileleşigi baradaky borçnamalaryna ygrarly bolmagynda galjakdygyny aýtdy.

Ukraina biraz öň Ankaradan söweş gämileriniň uruş döwründe Dardaneli we Bosfory ulanmagyny gadagan etmek hukugyny berýän, 1936-njy ýylda baglaşylan Montrýe (Montreux) konwensiýasyny durmuşa geçirmegi haýyş edipdi we Erdogan bu şertnamany Ukrainadaky konfliktiň uruşdygyny kesgitläninden soň durmuşa geçirjekdigini aýtdy.

"Türkiýe, Montrýe konwensiýasy tarapyndan berlen ygtyýarlygy Russiýa-Ukraina krizisiniň möwjemeginiň öňüni almak üçin ulanmagy maksat edinýär" diýip, Erdogan aýtdy.

Ankara energiýa we goranyş pudaklarynda Russiýa bilen ýakyn aragatnaşyk gurdy, emma Ukraina pilotsyz uçar satdy we Moskwanyň gaharyny getirendigine garamazdan, Kiýew bilen has hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy.

XS
SM
MD
LG