Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen diplomatlary saýlaw synlamaga gelen GDA wekiliýeti bilen duşuşdy


GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň – ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary L.W.Anfimowyň baştutanlygyndaky wekiliýet. Türkmen DIM-niň fotosuraty

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň irki prezident saýlawlaryna baha bermäge gelen GDA synçylarynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň – ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary L.W.Anfimowyň baştutanlygynda Aşgabada gelen wekiliýet, görnüşinden, 12-nji martda geçiriljek saýlawlary synlamaga razylyk beren ýeke0täk daşary ýurt synçylar topary bolar.

Türkmen DIM-i 28-nji fewralda geçirilen duşuşykda prezident saýlawlaryna görülýän taýýarlyklaryň depgini, halkara synçylarynyň işiniň guramaçylygynyň aýratynlyklary babatynda pikir alyşylandygyny aýdýar, ýöne goşmaça, anyk maglumat bermeýär.

Türkmenistanda henize çenli GDA çäklerinden daşardaky halkara guramalary tarapyndan azat we adalatly hasaplanan saýlaw bolmady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG