BMG-niň Russiýadan Ukrainadaky urşuny derhal bes etmegini, goşunlaryny yzyna çykarmagyny we haýal etmän parahatçylykly çözgüt gözlemegi talap edýän rezolýusiýasyny onlarça ýurduň ilçileri goldady.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 28-nji fewralda başlanan mejlisi 193 agzaly guramanyň soňky ýigrimi ýyldan gowrak wagt içinde çagyran ilkinji gyssagly ýygnanyşygy boldy.
BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş mejlisi uruş pidalary üçin bir minutlyk dymyşlyk bilen açdy we "Ukrainadaky söweşler bes edilmeli" diýdi.
Ukrainanyň ilçisi Serhiý Kyslytsýa "Eger-de Ukraina aman galmasa ... halkara parahatçylygy aman galmaz" diýdi.
Russiýa şu hepdäniň başynda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde şuňa meňzeş kararyň taslamasyna weto goýdy.
Moskwanyň sözlerine görä, bu goňşy ýurduň üstüne çozmak däl-de, eýsem Ukrainanyň gündogaryndaky sebitleriň etniki-rus ýaşaýjylaryny goramak üçin başlanan "ýörite harby operasiýa" bolup durýar.
Rezolýusiýany goldaýanlar azyndan 100 sesiň bolmagyna umyt baglaýarlar. Baş Assambleýa 1-nji martda gaýtadan ýygnanyşar.