Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Köpçülikleýin taýýarlyklaryň arasynda S.Berdimuhamedow Mara bardy


Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly, prezidentlige dalaşgär Serdar Berdimuhamedow, öz saýlaw kampaniýasynyň çäginde, 2-nji martda Mary welaýatyna bardy. Onuň bu sapary sebitde köpçülikleýin arassaçylyk we taýýarlyk çäreleriniň indi bir hepde bäri dowam edýän mahalyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň bu barada Marydan habar berýän habarçysynyň maglumatlaryna görä, ýurduň maliýe we ykdysadyýet pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer S.Berdimuhamedow irden sagat 10 töwereginde sebite bardy.

"Ol "Ruhyýet" köşgünde saýlawçylar bilen duşuşdy. Bu duşuşyga esasan ýaşulular we býujet işgärleri gatnaşdyryldy. Serdaryň şu gün giçlik welaýatdan gitmegine garaşylýar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz 2-nji martda habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyzyň sözlerine görä, irden sagat 7-de şäheriň esasy köçeleri bölekleýin ýapyldy. Şeýle-de, köçeleriň ugrunda kanun goraýjy edaralaryň onlarça işgäri ýerleşdirildi.

Marynyň häkimiýetleri S.Berdimuhamedowyň saparyna bir hepde bäri taýýarlyk görýär. Onuň sebite ilki 25-nji fewralda, soňra-da 28-nji fewralda gelmegine garaşylýardy. Ýöne giň gerimli köpçülikleýin taýýarlyk we arassaçylyk çärelerine garamazdan, onuň garaşylan sapary bu seneleriň ikisinde-de amala aşmady. Adat bolşy ýaly munuň sebäpleri barada aç-açan maglumat berilmedi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we döwlet media serişdeleri ýurt ýolbaşçylarynyň we resmileriniň, şeýle-de, prezident saýlawlaryna dalaşgärleriň ýurduň sebitlerine etjek saparlary hem-de saýlawçylar bilen duşuşyklary barada öňünden hiç hili habar bermeýärler. Şol sebäpli olaryň sebitlere planlaşdyrýan saparlarynyň amala aşjakdygy ýa aşmajakdygy soňky pursada çenli nämälim bolup galýar.

Resmi metbugatda S.Berdimuhamedowyň bu gezekki sapary barada hem öňünden hiç hili habar berilmedi. Ýöne Marynyň häkimiýetleri onuň 2-nji martda sebite sapar edýändigini aýdyp, köpçülikleýin taýýarlyk we arassaçylyk çärelerini 1-nji martda gaýtadan güýçlendirdi.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, S.Berdimuhamedowyň geçmeli köçeleri süpürilip ýuwuldy. Ýollaryň hatardan çykan ýerlerine aswalt guýuldy, olara çekilen çyzyklar gaýtadan ak reňke boýaldy. Ýollaryň gyralaryndaky haşal otlar arassalandy. Bu arassaçylyk işlerine jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri bilen bir hatarda, ýüzlerçe býujet işgäri mejbury gatnaşdyryldy.

Şeýle-de, 1-martda giçlik şäheriň esasy köçeleriniň birnäçesi ýapyldy. Milli howpsuzlyk ministrliginiň raýat geýimli işgärleri we polisiýa işgärleri köçelerde aýlanyp ýören adamalardan gün ýaşansoň öýlerine girmegi talap etdiler.

Mundan başga-da, häkimiýetler dükanlaryň sagat 8-den soň işlemegini gadagan etdi. Şeýle-de, olar 1-nji martda "Gök" bazary hem ýapdylar. Polisiýa işgärleri satyjylary bazardan çykmaga mejbur etdiler.

Şuňa meňzeş taýýarlyklar adatça prezident Berdimuhamedowyň welaýatlara edýän saparlarynyň öň ýanynda bolup geçýär.

23-nji fewralda Azatlygyň Lebap welaýatyndaky habarçysy Serdar Berdimuhamedowyň sebite eden saparyna "prezident gelýän ýaly" taýýarlanylandygyny habar berdi.

Türkmenistanda 12-nji martda geçiriljek irki saýlawlarda ýurduň syýasy durmuşynda tanalmaýan sekiz dalaşgär we 40 ýaşly S.Berdimuhamedow prezidentlik wezipesi ugrunda bäsleşer.

Habarçylarymyz ýurtda diňe Serdar Berdimuhamedowyň saýlaw kampaniýasynyň dabaralanýandygyny, ýöne beýleki dalaşgärleriň saparlary we saýlawçylar bilen duşuşyklary barada tas hiç kimiň bilmeýändigini aýdýarlar.

Ýerli we halkara synçylar irki prezident saýlawlaryny Türkmenistanda häkimiýeti atadan ogla geçirmek synanyşygy häsiýetlendirýärler.

Türkmenistanda şu wagta çenli geçirilen hiç bir saýlaw abraýly halkara synçylary tarapyndan “erkin we adalatly” hasaplanmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG