Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Nemes häkimiýetleri Alişer Usmanowyň 156 metrlik ýahtasyny tussag etdi


Alişer Usmanow

Nemes häkimiýetleri Gamburgda, ÝB sanksiýalarynyň çäginde, rus milliarderi Alişer Usmanowyň 156 metrlik ýahtasyny tussag etdi diýip, “Forbes” ýahta biznesindäki üç çeşmä salgylanyp habar berilýär.

Bahasy 600 million dollar diýlip çaklanylýan "Dilbar" ýahtasy geçen ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gamburgda, "Blohm+Voss” gämi abatlaýyş kärhanasynda bejerilýär.

“Forbes” çeşmesiniň habar bermegine görä, gäminiň tussag edilendigi sebäpli, ýahtany abatlamaga gatnaşan işçiler üçünji gün işe çykmady. Usmanowyň wekilleri entek bu mesele boýunça hiç bir düşündiriş bermedi.

Usmanowyň ýahtasy 2016-njy ýyldaky awtorlyk taslamasyna laýyklykda, tasadan 5 ýyllap guruldy. Bu dünýädäki iň uly ýahtalaryň biri bolup, onuň agramy takmynan 16 müň tonna barabar. Onuň içinde ýahtalaryň taryhyndaky iň uly basseýn, iki sany dikuçar meýdançasy we sauna bar.

Usmanow birinji gün, Russiýanyň beýleki esasy işewür adamlary bilen bir hatarda, Moskwanyň Ukraina goşun sürmegi netijesinde girizilen sanksiýalar sanawyna girizildi. “Forbesiň” habaryna görä, rus milliarderleri jemi 32 mega-ýahta eýeçilik edýär.

Şu aralykda, fransuz gümrük gullugynyň işgärleri “Rosneftiň” başlygy Igor Seçine degişlidigi aýdylýan 85 metrlik super-ýahtany tussag etdi. Onuň bahasy 2016-njy ýylda, ýahta baradaky habarlar ilki çykyp başlanda 100 million dollar diýlip çaklanyldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG