Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahalda turan harasat ilaty birnäçe sagatlap toksuz, suwsuz we gazsyz goýdy


Bezeg suraty. Arhiwden

Türkmen paýtagtynda turan harasat jaýlaryň käbiriniň üçeklerini goparyp zyňýar, tok, suw, gaz kesildi diýip, Azatlygyň paýtagtdaky habarçysy habar berýär. Aýdylmagyna görä, bir günüň dowamynda ýeliň iki tolkuny gelipdir. Habarçylarymyzyň iberen wideo ýazgylarynda köp gatly jaýlaryň ýanynda goýlan awtoulaglaryň üstünde ýatan demir şiferler görünýär.

Güýçli ýele ýan berýän üçekler esasan soňky ýyllarda, Aşgabatda geçirilen Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda, şäheriň ýokardan görnüşini gowulamak üçin edilen we reňklenen üçekler bolup durýar.

Jaýlaryň bir toparynyň şiferleri gopdy, mekdepleriň birnäçesinde okuwlary togtadyp, çagalary öýlerine goýberdiler diýip, Azatlyga ilki gelen habarda aýdyldy.

Birazdan soň ýeliň has güýçli, ikinji tolkunynyň gelip başlandygy habar berildi.

Büzmeýinden ýazmaklaryna görä, ol ýerde ýel baglary ýykýar, howada uçýan şifer bölekleri görünýär.

Aşgabatdaky ýel günortandan soň başlanypdyr.

“Güýçli ýel sebäpli tok, paýtagtda suw, gaz üpjünçiligi kesildi, aragatnaşyk enjamlary işlemeýär” diýip, habarçy aýtdy.

Ahal sebitiniň Bäherden, Arçman töwereklerinde, Garawul obasynda müňläp ilat birnäçe sagatlap toksuz galdy, telefon aragatnaşygy kesildi diýip, habarçymyz aýtdy.

Elektrik üpjünçiligi we telefon aragatnaşygy dört sagat soňra dikeldildi.

Paýtagtyň etraplarynda tok, gaz, suw üpjünçiligini üç sagatlap kesendiklerini anykladyk, Bagtyýarlyk etrabynda elektrik üpjünçiligi şindi hem gowy däl diýip, habarçy aýtdy.

Jaýlardaky çyralar öçüp-ýanýar, toguň berlişi durnukly däl. Jaýlaryň üçekleriniň gopmagy bilen, golaýda park edilen awtoulaglara zyýan ýetdi.

Häzir hem ýel ýatanok, edil şu wagt ýokardan awtoulagymyň üstüni şifer gaçdy diýip, habarçymyz Praga wagty bilen sagat 16:12-de iberen habarynda aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri adatça ilata ýurtdaky tebigy hadysalar, goňşy ýurtlardaky suw joşgunlary barada hem habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG