Ukrain resmileri rus goşunynyň ok atyşygy bes etmeýändigini aýdyp, ewakuasiýany yza süýşürdi
Çozuşyň ilkinji günlerinde ruslaryň Mariupola eden hüjüminden soň, howa gorag bazasyndan çykýan tüsse asmana göterilýär.
Ukrainanyň resmileri rus goşunlary tarapyndan ot açylandygy baradaky habarlardan soň, gabawdaky iki şäherde parahat ilaty ewakuasiýa etmek meýilnamasyny duruzdy. Bu waka, Russiýanyň Goranmak ministrliginiň ynsanperwerlik koridorlaryna rugsat bermek baradaky özara ylalaşyga esaslanyp, Mariupol bilen Wolnowakha şäherleriniň töwereginde ok atyşygy bes etmegi buýrandygyny öňe süren mahaly boldy.
Strategiki günorta Mariupol şäheriniň resmileri "rus tarapynyň atyşygy bes etmeýändigi we Mariupola hem-de onuň daş-töweregine ot açmagy dowam etdirýändigi hem-de howpsuzlyk aladalary sebäpli parahat ýaşaýjylaryň ewakuasiýa edilmegi yza süýşürildi” diýdiler. Olar bu baradaky karary sosial mediada yglan etdiler.
"Howpsuzlyk aladalary sebäpli ewakuasiýa yza süýşürildi" diýip, Mariupol şäher häkimiýetleri Telegramda mälim etdiler.
Olar "howpsuz gumanitar koridory nädip üpjün etmelidigi" barada Russiýa bilen gepleşikleriň dowam edýändigini hem aýtdylar.
"Biz Mariupolyň ähli ýaşaýjylaryndan gaçybatalga ýerlerine dolanmagy soraýarys" diýip, olar belledi.
Satellit suratlary Russiýanyň Kiýewiň etegindäki uly harby kerwenini görkezýär
1/9Russiýanyň harby kerweni Iwankiwiň golaýynda. 28-nji fewral
Maxar Technologies tarapyndan ýaýradylan satellit suratlarynda uzynlygy 65 kilometre golaý uzaýan Russiýanyň harby ulaglarynyň we artilleriýasynyň 27-28-nji fewralda Ukrainanyň paýtagty Kiýewden ençeme kilometr uzaklyga gelendigini görse bolýar.
2/928-nji fewralda Kiýewiň Antonow aeroportunyň gündogaryndaky T-1011 magistral ýoly bilen barýan harby kerweniň günorta bölegi
Maxar Technologies tarapyndan ýaýradylan satellit suratlarynda uzynlygy 65 kilometre golaý uzaýan Russiýanyň harby ulaglarynyň we artilleriýasynyň 27-28-nji fewralda Ukrainanyň paýtagty Kiýewden ençeme kilometr uzaklyga gelendigini görse bolýar.
3/9Iwankiwiň golaýyndaky Russiýanyň harby kerweniniň ýene bir bölegi. 28-nji fewral.
Maxar Technologies tarapyndan ýaýradylan satellit suratlarynda uzynlygy 65 kilometre golaý uzaýan Russiýanyň harby ulaglarynyň we artilleriýasynyň 27-28-nji fewralda Ukrainanyň paýtagty Kiýewden ençeme kilometr uzaklyga gelendigini görse bolýar.
4/9Kiýewiň demirgazygyndaky Iwankiwiň günorta-gündogarynda Russiýanyň harby serişdeleri ýerleşdirilýär.
Maxar Technologies tarapyndan ýaýradylan satellit suratlarynda uzynlygy 65 kilometre golaý uzaýan Russiýanyň harby ulaglarynyň we artilleriýasynyň 27-28-nji fewralda Ukrainanyň paýtagty Kiýewden ençeme kilometr uzaklyga gelendigini görse bolýar.
5/927-nji fewralda Russiýanyň harby ulaglary Iwankiwiň etegindäki Şewçenka köçesinden Kiýewe tarap barýarlar.
Maxar Technologies tarapyndan ýaýradylan satellit suratlarynda uzynlygy 65 kilometre golaý uzaýan Russiýanyň harby ulaglarynyň we artilleriýasynyň 27-28-nji fewralda Ukrainanyň paýtagty Kiýewden ençeme kilometr uzaklyga gelendigini görse bolýar.
6/928-nji fewralda Iwankiwiň günorta-gündogaryndan harby kerweniň demirgazyk bölegi barýar.
Maxar Technologies tarapyndan ýaýradylan satellit suratlarynda uzynlygy 65 kilometre golaý uzaýan Russiýanyň harby ulaglarynyň we artilleriýasynyň 27-28-nji fewralda Ukrainanyň paýtagty Kiýewden ençeme kilometr uzaklyga gelendigini görse bolýar.
7/9Belarusyň Khilçikha sebitindäki gury ýer goşunlarynyň serişdeleri we kerweni. 28-nji fewral
Maxar Technologies tarapyndan ýaýradylan satellit suratlarynda uzynlygy 65 kilometre golaý uzaýan Russiýanyň harby ulaglarynyň we artilleriýasynyň 27-28-nji fewralda Ukrainanyň paýtagty Kiýewden ençeme kilometr uzaklyga gelendigini görse bolýar.
8/928-nji fewralda Kiýewiň golaýyndaky Zdwyžiwka şäherinde uly sanda gury ýer goşunlary ýerleşdirilýär.
Maxar Technologies tarapyndan ýaýradylan satellit suratlarynda uzynlygy 65 kilometre golaý uzaýan Russiýanyň harby ulaglarynyň we artilleriýasynyň 27-28-nji fewralda Ukrainanyň paýtagty Kiýewden ençeme kilometr uzaklyga gelendigini görse bolýar.
9/9Kiýewiň günbataryndaky Stoýanka sebitinde weýran edilen köpri. 28-nji fewral
Maxar Technologies tarapyndan ýaýradylan satellit suratlarynda uzynlygy 65 kilometre golaý uzaýan Russiýanyň harby ulaglarynyň we artilleriýasynyň 27-28-nji fewralda Ukrainanyň paýtagty Kiýewden ençeme kilometr uzaklyga gelendigini görse bolýar.
Previous slide
Next slide
5-nji martda Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukrainanyň gabawdaky Mariupol we Wolnowakha şäherlerinde parahat ilatyň gitmegine rugsat bermek üçin ok atyşygy bölekleýin bes etmegi yglan etdi.
Rus Goranmak ministrligi Ukrainada 10 gün bäri dowam edýän hüjüminiň ýurduň galan böleginde dowam edýändigini hem sözüne goşdy.
Mariupoldan we Wolnowakhadan gumanitar geçelgeleriň we çykyş ýollarynyň ukrain tarapy bilen utgaşykly amala aşyrylandygy habar berilýär.
Ukrainanyň hökümeti Mariupoldan 200 müň töweregi we has kiçi Wolnowakha şäherinden 15 müň adamy ewakuasiýa etmek meýilnamasynyň bardygyny aýtdy. Emma Russiýanyň Goranmak ministrligi Mariupoldaky ýerli resmilere salgylanyp, ewakuasiýanyň bary-ýogy bäş sagat dowam etjekdigini aýtdy.
Günortadaky iki şäheriň töwereginde rus harbylarynyň ok atyşygy bes edendigini ýa-da etmändigini dessine tassyklatmak mümkin däl. Rus metbugaty Russiýanyň we Belarusyň daşary işler ministrleriniň Ukrainany terk edýän "daşary ýurtlular" üçin ynsanperwerlik koridorlaryny döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net wesep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.