Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ankara urşuň bes edilmegine çagyrýarka, Erdogan Putin bilen gepleşikleri geçirer


Rejep Taýýyp Erdogan
Rejep Taýýyp Erdogan

Rejep Taýýyp Erdoganyň metbugat wekili türk prezidentiniň 6-njy martda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşikleri geçirjekdigini we Ankaranyň Ukrainadaky söweşi duruzmak üçin elinden gelenini etmäge taýýardygyny aýtdy.

NATO-nyň agzasy bolan Türkiýe, Kiýew we Russiýa bilen ýakyn gatnaşyk saklaýar we Putin 24-nji fewralda giň gerimli çozuş yglan edeni bäri urşuň bes edilmegine çagyryş edýär.

Erdoganyň metbugat wekili Ibraýym Kalin 5-nji martda Stambulda eden çykyşynda Türkiýäniň krizisi çözmek üçin kömek etmäge taýýardygyny aýtdy.

Ol Türkiýäniň Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky gepleşikleri bu ýurtda geçirmek baradaky teklibini tekrarlady we ýowuzlygy dessine bes etmäge çagyrdy.

Metbugat wekili Erdoganyň Moskwa we Kiýew bilen gatnaşyklary saklamak islegini hem gaýtalady.

4-nji martda BMG-niň Ženewadaky guramalarynda Russiýanyň ilçisi Gennadiý Gatilow Ankaranyň 11-13-nji martda Antalýada geçiriljek diplomatik forumda rus we ukrain daşary işler ministrleriniň arasynda duşuşyk gurnamak baradaky teklibini gowy garşy aldy.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň geňeşçisi Mihailo Podolýak, Kiýewiň "jogapkär halkara araçy" isleýändigini, sebäbi ukrain tarapynyň "Russiýa Federasiýasyna asla ynanmaýandygyny" aýtdy.

Podolýak gepleşikleriň Türkiýede, Wengriýada ýa-da Polşada geçirip bilinjekdigini hem belläpdi.

XS
SM
MD
LG