Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

D.Koreýanyň goňşulary Phenýanyň ýylyň dokuzynjy synag raketasyny atandygyny aýdýar


Illýustrasiýa suraty

Demirgazyk Koreýanyň goňşulary we ABŞ Phenýanyň deňziň üstünden ballistik diýlip güman edilýän raketany atmagyny ýazgardy. Demirgazyk Koreýada ýarag synaglarynyň çaltlaşdyrylmagy, ýadro ýaraglaryndan saplanmak baradaky gepleşikleriň togtan we Günorta Koreýada prezident saýlawlarynyň geçirilmegine birnäçe gün galan mahalyna gabat gelýär.

Ýaponiýanyň goranmak ministri Nobuo Kişi 5-nji martda eden çykyşynda Koreýa ýarym adasynyň gündogaryndaky deňze tarap raketanyň atylmagy "biziň ýurdumyzyň we onuň töweregindäki sebitleriň ünsden düşürip biljek zady däl" diýdi.

Demirgazyk Koreýa ýanwar aýynda rekord sanda raketa atdy. Soňra ýagdaý birneme durnuklylaşan bolsa-da, Phenýan raketa atyşlaryny 27-nji fewralda gaýtadan güýçlendirdi.

ABŞ-da ýerleşýän we Demirgazyk Koreýa gözegçilik edýän “38 Demirgazyk taslamasy” 4-nji martda çykyş edip, Phenýanyň esasy ýadro reaktor desgasyndaky operasiýalaryň ýadro ýaragyna ýangyç öndürmegiň mümkin alamaty hökmünde doly işleýändigini aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti 5-nji martda raketanyň atylmagyny “Demirgazyk Koreýa tarapyndan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýalarynyň ýene bir gezek bozulmagy” diýip atlandyrdy.

Günorta Koreýanyň 9-njy martda geçiriljek prezidentlik saýlawyndaky öňdebaryjy dalaşgärleriň ikisi-de gizlin, kommunist Demirgazyk bilen gepleşiklere täzeden başlamaga synanyşjakdyklaryna wada berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG