Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýada urşa garşy çykan aktiwist 30 gün möhlet bilen tussag edildi


Ýuliýa Galýamina. Arhiw suraty.

Russiýaly oppozisiýa aktiwisti we öňki Moskwa kanun çykaryjysy Ýuliýa Galýamina özüniň Russiýanyň Ukraina çozmagyna garşy protest guramak synanyşygy bilen baglylykda jemgyýetçilik çäreleri baradaky kanuny bozmakda günäkärlenip, 30 gün möhlet bilen türme tussaglygyna höküm edildi.

Galýaminanyň aklawçysy Mariýa Eismont Moskwanyň Sawelowskiý kazyýetiniň öz müşderisini 5-nji martda tussaglyga höküm edendigini aýtdy.

Rus häkimiýetleri Ukraina garşy amala aşyrylýan esassyz hüjüme garşy çykýan jemgyýetçilik pikirleri ýok etmäge synanyşýar we garaşsyz habarlaryň öňüni ozal görlüp-eşidilmedik böwetler bilen baglaýar.

Ýurt boýunça polisiýa tussag etmelerini yzarlaýan girdejisiz “OWD-Info” guramasyna görä, Russiýada şu wagta çenli urşa garşy çykan 8255 adam saklandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG