Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanyň prezidentligine hasaba alynmadyk dalaşgärler ukrain liderine goldaw bildirýär


Nury Annaýew, Myrat Gurbanow, Ahmet Rahmanow

Daşary ýurtlardan Türkmenistanda geçirilýän irki prezident saýlawlaryna alternatiw kandidat bolmaga synanyşan we Aşgabatda, Merkezi saýlaw topary tarapyndan hasaba alynmadyk türkmen syýasatçylary Ukrainanyň prezidentine hat ýazyp, özleriniň oňa we ukrain halkyna tüýs ýürekden goldaw bildirýändiklerini aýtdylar.

Olar “ýykgynçylykly we aklap bolmajak” urşy ýazgaryp, Türkmenistanyň prezidentiniň rus prezidenti Wladimir Putiniň kömegi bilen häkimiýetde saklanýandygyny we Kremliň goldawy bilen ogluny prezident etjek bolýandygyny öňe sürýärler.

“Bu günki gün Ukraina diňe bir öz gelejegini we Ýewropanyň gelejegini kesgitlemeýär. Bu günki gün Ukraina bütin dünýäniň gelejegi, şol sanda Türkmenistanyň hem gelejegi üçin göreşýär” diýip, Myrat Gurbanow, Ahmet Rahmanow, Nury Annaýew dagynyň gol çeken hatynda aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG