Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň çar künjeginde urşa garşy protestlerde müňlerçe adam tussag edildi


OVD-Info gözegçi topary ýurduň 69 şäherinde geçirilen protestlerde 4,842 adam tussag edildi diýip, 7-nji martda aýtdy.
OVD-Info gözegçi topary ýurduň 69 şäherinde geçirilen protestlerde 4,842 adam tussag edildi diýip, 7-nji martda aýtdy.

Russiýanyň onlarça şäherinde Wladimir Putiniň Ukraina garşy sebäpsiz ýerden başlan urşuna garşy bildirilen protestler wagtynda, Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň we garaşsyz protest gözegçisiniň 6-njy martda aýtmaklaryna görä, müňlerçe adam tussag edildi.

OVD-Info gözegçi topary ýurduň 69 şäherinde geçirilen protestlerde 4,842 adam tussag edildi diýip, 7-nji martda aýtdy.

Şeýle-de, OVD-Info Moskwada tussag edilenleriň azyndan 2319 adamdygyny aýtdy.

Mundan başga, gözegçi topar hakykatda polisiýa bölümleriniň sanawlarynda görkezilişinden has köp adamyň tussag edilen bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Irina Wolk Moskwada 1700 adamyň, Sankt-Peterburgda 750 adamyň tussag edilendigini aýtdy.

TASS-yň habaryna görä, Moskwada tussag edilen 1700 adam "rugsatsyz ýörişe" gatnaşan 2500 töweregi adamyň içinden tutuldy diýip, Wolk aýtdy. Sankt-Peterburgda tussag edilen 750 adam bolsa ýörişe gatnaşan 1500 adamyň içinden tutuldy.

Moskwada we Sankt-Peterburgda ýörişe çykan müňlerçe protestçi, oppozisiýa aktiwistleri tarapyndan sosial mediada ýerleşdirilen wideolardan görnüşine görä, "Uruşa ýok!" we "Utanyň!" diýip gygyrdy.

Gazagystanyň iň uly şäheri Almatyda proteste çykan protestçileriň käbiri "Eger-de uruş häzir togtadylmasa, Gazagystan indiki bolar" diýip duýduryş etdi.

Garaşsyz neşir bolan "Nowaýa Gazetanyň" habarçysynyň malumatyna görä, Wladiwostokda geçirilen demonstrasiýa 100 töweregi adam gatnaşdy we 15 töweregi adam tussag edildi. Azatlyk radiosy bu maglumaty özbaşdak barlap bilmedi.

XS
SM
MD
LG