Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Rus güýçleri ilata çörek getirýän häkimi we onuň iki ýoldaşyny atyp öldürdi


Nowa Kahowkadaky protestçiler

Ýerli resmiler Ukrainanyň Hostomel şäheriniň häkiminiň we onuň iki ýoldaşynyň Moskwanyň sebäpsiz başlan urşunda gabalan şäher ilatyna çörek getirýän wagtynda rus güýçleri tarapyndan atylyp öldürilendigini aýdýarlar.

Paýtagt Kiýewiň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Hostomel şäheriň şäher geňeşi Facebookda ýerleşdiren habarynda ýazgysynda Ýuriý Prylypkonyň, onuň ýoldaşlary Iwan Zorýanyň we Ruslan Karpenko şäherden çykyp bilmän galanlara kömek etmekçi bolanlarynda atylyp öldürilendigini aýtdy.

Paýtagt Kiýewiň demirgazyk-günbataryndaky Hosomeliň we onuň golaýyndaky aerodromuň üstünde 24-nji fewralda uruş başlanaly bäri söweş barýar. Şäheriň 16,000 ýaşaýjysynyň köpüsi gaçdy.

Mundan başga, Ukrainanyň günortasyndaky sebit prokuraturasy 7-nji martda Russiýanyň harby güýçleriniň bir gün öň Nowa Kahowka şäherinde Russiýa garşy demonstrasiýa geçirýänleri oka tutup, bir protestçini öldürendigini, ýedi demonstranty ýaralandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG