Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanda köp çagaly enelere täze jaýlaryň açarlarynyň gowşurylandygy aýdylýar


Jaý berlen maşgala. "Türkmenportal" neşiriniň fotosuraty

Hökümetçi “Türkmenportal” neşiri döwlet eýeçiligindäki “Neýtralny Turkmenistan” gazetine salgylanyp, anyklaşdyrmazdan, köp çagaly maşgalalaryň Halkara aýal-gyzlar güni mynasybetli berlen döwrebap, giň we ýokary amatlylygy bolan jaýlarynda jaý toýlaryny tutandyklaryny habar berýär.

Şeýle-de neşir Türkmenistanyň prezidentiniň 8-nji mart baýramçylygyna gabat gol çeken karary esasynda “Ene mähri” diýen hormatly at dakylan aýallaryň maşgalalaryna täze jaýlaryň açarlaryny gowşurmak dabaralarynyň diňe Aşgabatda däl, ýurduň sebitlerinde hem geçirilendigini aýdýar.

Resmi maglumata görä, bu ýyl sekiz ýa ondan hem kän çagasy bolan aýallaryň üç ýüze golaýyna “Ene mähri” diýen hormatly at dakylypdyr we şundan çen tutulsa, köp çagaly maşgalalaryň şonçasyna hem täze jaý berilmeli. Emma neşir berlen jaýlaryň sanyny aýtmaýar.

Azatlygyň habarçylarynyň dürli ýyllarda beren maglumatlaryna görä, “Ene mähri” diýen hormatly ady almak, köp çagaly maşgalalara wada berlen jaýlara göçüp barmak üçin para bermeli bolandygyny aýdýan eneler hem bar.

XS
SM
MD
LG