Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezident 'Tatneft' rus kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berdi


Orsýetiň "Tatneft" kompaniýasynyň "Türkmenistanyň gazy we nebiti 2010" atly halkara sergisindäki stendy, Aşgabat, 17-nji noýabr, 2010 (illýustrasiýa suraty)
Orsýetiň "Tatneft" kompaniýasynyň "Türkmenistanyň gazy we nebiti 2010" atly halkara sergisindäki stendy, Aşgabat, 17-nji noýabr, 2010 (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň prezidenti Orsýetiň "Tatneft" kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berdi.

"Goturdepe nebit-gaz ýatagyndaky azyndan 550 nebit guýusynda hyzmatlary üpjün etmek üçin esaslandyrylan tertipde goşmaça şertnama baglaşylmaly" diýlip, türkmen döwlet habar agentliginiň maglumatynda aýdylýar.

Bu kararyň Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň öňünde duran maksatlary netijeli çözmek we häzirki zaman tehnologiýalaryny hem-de ýörite enjamlary ornaşdyrmak arkaly nebit guýularynyň öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin kabul edilendigi maglumatda aýdylýar.

Türkmenistan Orsýetiň nebit kompaniýasy bilen şertnama baglaşmak planyny Orsýetiň Ukraina sebäpsiz çozmagy sebäpli energiýa pudagynyň halkara sanksiýalaryna sezewar bolýan wagtynda yglan etdi.

ABŞ Russiýanyň energiýa göterijileriniň, nebitiň, kömüriň we gazyň importyna gadaganlyk girizdi. Britaniýa hem şeýle gadagançylygy girizmek planyny yglan etdi.

ÝB-de Russiýanyň nebitinden we gazyndan ýüz öwürmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar, emma häzirki wagtda bileleşigiň köp ýurtlary ýangyjyň bahasynyň düýpgöter ýokarlanmagyndan we ýetmezçiliginden howatyrlanyp, bu çärä garşy çykýarlar.

XS
SM
MD
LG