Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çep tarapdan üçünji dalaşgär, TW üçin wideoýazgy: saýlawlarda möhletinden öň ses bermek dowam edýär


Illýustrasiýa. Arhiwden alyndy. Türkmenistan.
Illýustrasiýa. Arhiwden alyndy. Türkmenistan.

Mary welaýatynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, magaryf işgärleri, häkimlik wekilleri hem-de olaryň saýlaw hukugy bolan maşgala agzalary 9-njy martda möhletinden öň ses bermäge çekilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.

Türkmenistanda 12-nji martda geçiriljek irki prezident saýlawlarynda möhletinden öň ses bermek 2-nji martda başlady.

Azatlygyň habarçysyna görä, maryly saýlawçylara býulletenlerdäki çep tarapdan üçünji dalaşgäre, prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowa ses bermek tabşyrylýar.

“Eger-de saýlawçylar çep bilen sag tarapy saýgaryp bilmeseler, prezidentimiziň perzendi, ýagny ogly Serdar [Berdimuhamedowa ses bermeli]” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Galyberse-de, býulletenlerdäki çep tarapdan üçünji dalaşgäri saýlatmak üçin saýlaw uçastoklaryndaky adamlardan saýlawçylara ýardam bermek soralýar.

“Ähli býujet işgärleri 10-11-nji mart aralygynda ses bermäge ýetişmeli. Eger-de kimde-kim ses bermäge ýetişmese, onda näme sebäpden ýetişmändigi barada dilhaty ýazyp ýolbaşçylara düşündiriş bermeli” diýip, býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna aýtdy.

Habarçymyza görä, saýlawçylar döwlet telewideniýesi üçin wideo düşürilýärler, olardan saýlawlara ýörite çäre lybaslarynda gatnaşmak talap edilýär.

Azatlygyň habarçysy Mary şäheriniň 21-nji ýöriteleşdirilen mekdebinde, 8-nji sport mekdebinde we 16-njy mekdepde ýerleşýän saýlaw uçastoklarynda birnäçe gün bäri döwlet telewideniýesi üçin wideoýazgy edilýändigini habar berdi.

“Hemişe bolşy ýaly spektakl dowam edýär” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Halkara we ýerli synçylar, galyberse-de türkmen raýatlarynyň ençemesi ýurtda geçirilýän saýlawlara "syýasy spektakl" hökmünde baha berýärler hem-de bu saýlawlary Türkmenistanda ýokary döwlet wezipesini atadan ogla geçirmek synanyşygy hökmünde suratlandyrýarlar.

Garaşsyz Türkmenistanda şu wagta çenli geçirilen saýlawlaryň hiç haýsy abraýly halkara synçylar tarapyndan azat we adalatly hasaplanmady.

8-nji martda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň Baha beriji topary gurama Türkmenistanda geçiriljek irki prezident saýlawlaryna synçy missiýasyny ibermezligi maslahat berdi. Baha beriji topar özüniň sişenbe güni çap eden hasabatynda saýlawlara çenli bolan döwrüň çäkli bolandygy sebäpli, hem-de Türkmenistana barandan soň 14 gün möhlet bilen talap edilýän COVID-19 karantin düzgünleri sebäpli ÝHHG edarasyna 12-nji martda geçiriljek prezident saýlawlaryna saýlaw synçylaryny ibermezligi maslahat berdi.

Bu aralykda, Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparyna görä, 9-njy martda dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyk ýygnaklary tamamlandy.

ÝHHG-nyň saýlawlara Baha beriji toparynyň hasabatyna görä, 12-nji mart saýlawlaryna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy, Yslam hyzmatdaşlyk guramasy, Türki döwletler guramasy we dürli ýurtlaryň saýlawlary dolandyryş edaralarynyň wekilleri syn eder. Şeýle-de, hasabatdan mälim bolşuna görä, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýurda girmek üçin öz güýjünde galýan COVID-19 karantin düzgünleriniň bu missiýalara kadadan çykma görnüşinde degişli edilmejekdigini aýdypdyr.

ÝHHG-nyň synçy missiýasy saýlawlar üçin halkara derejede "altyn ülňe" hasaplanýar.

TDH-nyň habaryna görä, saýlawlar üçin ýurt boýunça 2577 saýlaw uçastogy, daşary ýurt döwletlerindäki türkmen wekilhanalarynda 41 saýlaw uçastogy taýýarlanypdyr.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow bilen bir hatarda jemi dokuz dalaşgär ýokary döwlet wezipesine dalaş edýär. Prezidentiň oglundan beýleki dalaşgärleriň hiç haýsy ozal ýurduň syýasy sahnasynda tanalmaýardy.

Maglumat üçin aýdylsa, prezidentiň oglundan başga dalaşgärleriň at familiýalary we wezipeleri şeýle:

  • Agajan Bekmyradow – Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary. Agrar partiýadan
  • Perhat Begenjow – orta hünär mekdebiniň direktory. Lebap wel.
  • Berdimämmet Gurbanow – Şypahanada wraç. Deputat. Balkan wel.
  • Maksatmyrat Öwezgeldiýew – saglyk resmisi. Ahal wel.
  • Kakageldi Saryýew – energiýa resmisi. Mary wel.
  • Babamyrat Meredow – hususyýetçi. Senagatçylar we Telekeçiler partiýasyndan.
  • Hydyr Nunnaýew – sport institutynyň prorektory. Aşgabat ş.
  • Maksat Ödeşow – Dem. partiýanyň etrap bölüminiň başlygy. Daşoguz wel.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG