Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saýlaw uçastoklarynda kandidatlaryň ýekelikdäki suratlary aýrylýar


Türkmenistanda 2 müň 618 saýlaw uçastogy döredildi (arhiw suraty)
Türkmenistanda 2 müň 618 saýlaw uçastogy döredildi (arhiw suraty)

Türkmenistanda 12-nji marta yglan edilen irki prezidentlik saýlawlaryna bir hepde töweregi wagtyň galmagy bilen, kesgitlenen saýlaw uçastoklarynda ses bermek üçin gutular ornaşdyrylýar, şol bir wagtda ýurduň iň ýokary wezipesine dalaş edýän dokuz kandidatyň aýratyn suratly billbordlary aýrylýar. Bu aralykda, häkimiýetler “ygtybarsyz” diýip hasaplaýan raýatlara basyşlaryny güýçlendirýärler we olaryň azatlygyny çäklendirmegini dowam etdirýärler. Ýerli we halkara synçylar ýetip gelýän türkmen saýlawlaryna ýurduň iň ýokary döwlet wezipesini atadan ogla geçirmek synanyşygy hökmünde baha berýärler. 2-nji martda saýlawlar boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy.

“Aşgabadyň kesgitlenen mekdeplerinde ses bermek üçin gutular ýerleşdirilýär. Bilim ministrliginden kandidatlaryň aýratyn suratly billbordlaryny aýyrmak barada buýruk geldi. Dalaşgärleriň suratlary bilelikdäki umumy saýlaw bannerlerinde ýerleşdiriler. Paýtagtyň etegindäki saýlaw uçastoklarynda suratlary goýmak düýbünden gadagan edildi” diýip, bu wakalary ýakyndan yzarlaýan aşgabatly mugallymlaryň biri 4-nji martda ýerli habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmen resmileriniň ýaýradýan duýduryşy
Türkmen resmileriniň ýaýradýan duýduryşy

Şahsyýetini aýan edip biljek maglumatlary, şeýle-de işleýän mekdebiniň belgisini aýan etmezligi soran söhbetdeşimiz, munuň saýlawlarda ýeňijiniň kimiň boljakdygy öňünden kesgitlidigi sebäpli, billbordlara goşmaça çykdajylary etmezlik baradaky dilden edilen tabşyryk bilen ilteşiklidigini aýtdy.

Mundan öň, Azatlygyň habarçylary Ahalyň merkezi Änew şäherinde, şeýle-de Ak Bugdaý we Babadaýhan etraplarynda köçelerde dalaşgärleriň suratly plakatlaryny ýerleşdirmek üçin, býujet işgärlerinden 20 manat möçberinde mejbury pul serişdeleriniň toplanandygyny habar berdiler.

Ýokarda beýan edilen ýagdaýlar boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginden we gürrüňi gidýän beýleki degişli edaralaryndan maglumat ýa kommentariýa almak başartmady.

Saýlawlara çakylyk
Saýlawlara çakylyk

Türkmen saýlaw resmileriniň maglumatyna görä, ýurtda jemi 2 müň 618 saýlaw uçastogy esaslandyrylypdyr, şeýle-de ses berişlige gözegçilik etmek üçin milli synçylaryň 2 müň 726 sanysy hasaba alnypdyr. Mundan başga-da, daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň ýanynda saýlaw uçastoklarynyň 41-i döredilipdir.

Köpler üçin garaşylmadyk ýagdaýda 12-nji fewralda yglan edilen bu saýlawlarda dalaş edýän prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowyň, ozal ady kän eşidilmedik beýleki sekiz kandidatyň häzirki režimiň tarapyny tutup çykyş edýändigi nazarda tutulyp, aňsatlyk bilen ýeňiş gazanmagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň otuz ýyllyk garaşsyzlyk taryhynda şu wagta çenli geçirilen hiç bir saýlaw abraýly Günbatar synçylary we hukuk toparlary tarapyndan hiç haçan ‘erkin we adalatly saýlaw” diýlip ykrar edilmedi.

Şol bir wagtda, türkmen howpsuzlyk gulluklary saýlawlaryň öňüsyrasynda “ygtybarsyz” diýip hasaplaýan raýatlara garşy basyşlaryny dowam etdirýärler. Azatlyk bu işleriň çäginde häzire çenli azyndan 200-e golaý adamyň saklanandygy barada habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda geçirilýän uly baýramçylyklaryň we syýasy wakalaryň öňüsyrasynda, ten söwdasy bilen meşgullanýanlara, zähmet-düzediş dispanserlerinde alkogolizme garşy bejergi alan adamlara we ozal kazyýet jogapkärçiligine çekilen raýatlara gözegçiligi güýçlendirýärler. Olar muny "asudalygy saklamak, howpsuzlygy ýokarlandyrmak çäreleri" diýip düşündirýärler. Mundan başga-da soňky döwürden bäri kanun goraýjylar eklenç gözleginde zir-zibil gutularyny dörmäge mejbur bolýanlary hem saklap başladylar.

Prezidentlige dalaşgärler
Prezidentlige dalaşgärler

“Lebapda ozal sud edilen ýa-da zähmet-düzediş dispanserlerinde hasapda duran raýatlary, saýlawlar gutarýança, 10 gün möhlet bilen tussag edýärler. Şeýle-de, häkimiýetler bolup biljek halk tolgunşyklaryndan howatyr edip, ‘howply’ diýip häsiýetlendirilýän şahslaryň sanawyny düzýärler” diýip, türkmenabatly kanun-goraýjylaryň biri 4-nji martda anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Lebabyň degişli häkimiýetleri, şol sanda kanun goraýjy edaralary bu barada Azatlyga goşmaça maglumat bermekden ýüz öwürdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG