Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň wise-prezidenti Russiýany 'wagşyçylykda' aýyplaýar


ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris
ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris

ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris Polşanyň Ukraina söweş uçarlaryny ibermek meýilnamasy bilen bagly jedelleriň arasynda, Warşawa saparynda Russiýany Ukrainada "göz öňüne getirip bolmajak derejede wagşyçylyk" etmekde günäkärledi.

Harrisiň ABŞ-nyň Gündogar Ýewropadaky ýaranlaryna berýän goldawyny nygtamak niýeti bilen edýän saparyna Warşawa bilen Waşingtonyň arasynda dörän uçar düşünişmezligi kölege saldy.

Polşa ABŞ-nyň Germaniýadaky harby bazasynyň üsti bilen özündäki MiG söweş uçarlaryny Ukraina ibermegi teklip edip, açyk oňuşmazlyga sebäp boldy.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Günbatardan öz ýurduna sowet döwrüniň MiG-29 uçarlarynyň berilmegini soraýar, ol uçarlaryň käbiri, NATO-a girenden soň, Warşawa şertnamasynyň öňki ýurtlarynda saklanyp galdy.

Ukrainanyň howa güýçleriniň uçarmanlary şol hili we beýleki uçarlary ulanýarlar we NATO agzalary bolan Polşa ýa-da Bolgariýa ýaly ýerlerden özlerine tanyş bolan goşmaça uçarlary alsalar, Ukrainanyň Russiýanyň howa güýçlerine garşy alyp barýan howa söweşine goşant goşulmaly.

Emma Waşington Polşanyň bu meýilnamasyny düýbünden ret etdi.

"Häzirki pursatda biz goşmaça söweş uçarlarynyň ukrain howa güýçlerine geçirilmegini goldamaýarys, şu sebäpden biz olary öz ygtyýarlygymyzda görmek islemeýäris" diýip, Goranmak departamentiniň metbugat sekretary Jon Kirbi 9-njy martda aýtdy.

Warşawada prezident Andrzej Duda bilen bilelikde beren metbugat ýygnagynda uçar dawasy barada soralanda, Harris žurnalistiň soragyna jogap bermekden gaçalak etdi.

XS
SM
MD
LG