Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

BMG ýurtdan çykan ukrain bosgunlarynyň sanynyň 2,5 milliondygyny aýdýar


Ukraina bilen Polşanyň arasyndaky Medyka geçelgesi. 9-njy mart, 2022.

Birleşen milletler guramasy 11-nji martda Russiýanyň 24-nji fewralda başlan çozuşyndan bäri 2,5 million adamyň Ukrainadan gaçyp çykandygyny we uruş sebäpli ýene bir 2 million adamyň ýaşaýan jaýlaryndan bosandygyny aýtdy.

"Ukrainadan çykan bosgunlaryň sany, pajygaly ýagdaýda, şu gün 2,5 milliona ýetdi" diýip, BMG-niň bosgunlar gullugynyň başlygy Filippo Grandi twitterede aýtdy.

"Şeýle-de biz Ukrainanyň içinde takmynan 2 million adam ýaşaýan ýerlerinden başga ýerlere göçürildi diýip hasaplaýarys. Bu manysyz uruş sebäpli millionlarça adam öýlerini terk etmäge mejbur boldy" diýip, Grandi ýazdy.

BMG-niň halkara migrasiýa guramasynyň metbugat sekretary Pol Dillon Ukrainadan çykan 2,5 million bosgunyň arasynda beýleki ýurtlaryň takmynan 116,000 raýatyň bardygyny aýtdy.

Dillon 1.5 milliondan gowrak bosgunyň goňşy Polşa gelendigini aýtdy.

Russiýa çozmazyndan ozal Ukrainanyň Kiýewdäki merkezi hökümetiň gözegçiligi astynda galan ýerlerde 37 milliondan gowrak adam ýaşaýardy.

Kiýewiň häkimi Witaliý Kliçkonyň sözlerine görä, Ukrainanyň paýtagty uruş başlaly bäri takmynan 3,5 million ilatynyň ýarysyny ýitirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG