Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 11-nji martda daşary ýurtlulara ukrain güýçlerine garşy söweşe goşulmaga rugsat berilmelidigini aýtdy we ele geçirilen günbatar raketa ulgamlarynyň Ukrainanyň gündogarynda Moskwa tarapyndan goldanýan separatistlere berilmegini tassyklady.
Putin Russiýanyň howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň daşary ýurtly şahslaryň Ukrainada Russiýa tarapyndan goldanýan güýçlere goşulmagyna rugsat bermek pikirini goldaýandygyny aýtdy.
Şoýgu prezidente Ýakyn Gündogardan 16 000 töweregi "meýletinçiniň" rus tarapynda uruşmak üçin gelmäge taýýardygyny aýtdy.
"Eger siz ol ýerde meýletin esasda [gündogar Ukrainadaky separatistlere kömek etmek isleýän] adamlaryň bardygyny görseňiz, ýarpy ýolda garşylap, olaryň söweş sebitlerine gelmegine kömek etmeli" diýip, Putin telewideniýede görkezilen ýygnakda aýtdy.
Şeýle-de Putin Şoýgunyň, “Javelin” we “Stinger” ýaly, ABŞ-da öndürilen we ele geçirilen tanka garşy ulgamlary separatistleriň gözegçiligi astyndaky sebitlerde uruşýan söweşijilere bermek baradaky teklibi bilen razylaşdy.
Думаю, Туркменские власти не пойдут на это, потому что если у интернетпользователя будет возможность к спутниковому интернету, то его интернет тракт не пройдет через провайдер ТМ СЕLL. А интернетконтроль пользоват