Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MST: Türkmenistanyň prezident saýlawynda saýlawçylaryň 97,12%-i ses berdi


Aşgabatda bir saýlaw uçastogy

Saýlaw komissiýasy irki prezident saýlawlary boýunça 12-nji martda geçirilen ses berişligiň tamamlanandygyny habar berdi. Resmi maglumatda saýlawlara gatnaşygyň 97,12% bolandygy aýdylýar.

Azatlygyň Lebap sebitindäki habarçysy saýlawlaryň Türkmenabat şäherinde ir sagat 7-de Türkmenistanyň gimni bilen başlanandygyny habar berdi. Türkmenabat şäherinde birnäçe ýerde, Lebap muzeýinde, Baş kitaphanada, Sport toplumynda, Medeniýet öýünde onlaýn arkaly ses berişlik gurnaldy diýip, habarçy saýlawyň bu ýerlerde has gyzgalaňly geçýändigini, saýlaw uçastoklarynyň öňünde elleri saçakly duran gyzlaryň gelenlere hödür-kerem edýändigini habar berdi.

Saýlaw uçastoklarynyň hemmesinde saýlawçylar ses bermäge gatnaşýar, köçeleriň ugrunda hem ses bermäge barýan adamlary köp görmek bolýar.

Ir sagat 9-da saýlaw gutularynyň 25%-i dolupdyr, ses berilýän ýerleriň öňlerinde kiçi ýarmarkalar gurnalan, köke-süýji, şerbet önümleri satylýar, her uçastogyň öňünde ýazgyda eşitdirilýän aýdym-saz ýaňlanýar diýip, habarçy aýtdy.

Şeýle-da habarçy saýlaw uçastoklarynda hiç kime hiç hili görkezme berilmeýändigini, meselem, ‘bu dalaşgäri saýla ýa beýleki üçin ses ber’ diýip, hiç kime hiç hili talap bildirilmeýändigini, hiç hili mejburlygyň ýokdugyny gürrüň berdi.

Saýlaw uçastoklaryna adamlar onuň öň tarapyndan girýär we ses bereninden soň onuň araka tarapyndan çykýar, iki tarapda hem el tämizlemek mümkinçiligi döredilen.

“Men bu hili saýlawa barýan adamlary, saýlawyň şeýle guramaçylykly geçirilişini ilkinji gezek görýärin” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, onlaýnda ses berilýän uçastoklary Aşgabat bilen göni ýaýlym arkaly baglanyşdyrmak üçin hem taýýarlyk görlüpdir.

Onlaýn arkaly ses berilýän bäş saýlaw uçastogynyň öňünde ak öýler dikilip, adamlara duz-çörek hödürlenýär, aýdymçy-sazandalar halka öz senetleri bilen hyzmat edýär diýip, habarçy aýtdy.

Şu aralykda Aşgabatdan gelen maglumata görä, saýlaw uçastogyna pasportsyz baran saýlawçy özüne saýlaw býulleteniniň berlendigini we saýlaw toparynyň agzasynyň kime ses bermelidigini elin görkezendigini gürrüň berdi.

“Saýlaw uçastogyna bilgeşlin pasportsyz bardym, saýlaw resmisi maňa ‘pasport hökman däl’ diýdi we býulleten berip, Serdar Berdimuhamedow diýlip ýazylan ýere bellik goýmalydygyny aýtdy. Men diýlenini edip, býulleteni saýlaw gutusyna taşladym” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Çeşmämiziň aýtmagyna görä, pasportsyz barsa-da, onuň ses bermelidigini aýdypdylar.

Mundan başga, Ahal sebitiniň Gökdepe, Akbugdaý, Kaka etraplaryndaky saýlaw uçastoklarynda saýlaw resmileriniň sagat 13-den soň uçastoklary ýapyp, býulletenleri özleriniň doldurýandygy hakynda hem anyk maglumatlar bar diýip, habarçymyz aýtdy.

Aşgabadyň Haly fabriginiň binasynda ýerleşýän saýlaw uçastogynda ses beren çeşme bolsa, saýlawa gatnaşýan adamlaryň dogrudanam kändigini, ýöne olaryň köpüsiniň adaty eşik geýen studentlerden ybaratdygyny habar berdi.

“Iki bolup, üç bolup gelýärler we şol töwerekde ýaşaýan adamlar ýaly bolup ses berýärler, emma hakykatda olar ÝOJ-laryň studentleri, bu çärä mejbury ýagdaýda, saýlawçy bolup gatnaşýarlar” diýip, çeşme aýtdy.

“Men irden dükana gitdim we uzakdan surata düşürdim. Ol ýerde diňe polisiýa işgärleri, nobatçylar we mugallymlar bardy. Aýdym-saz ir sagat 6-da başlandy. Baryp, mekdebiň howlusyna girdim. Dalaşgärler barada maglumat berýän diwar ýazgylary rus dilinde eken. Meniň yzymdan polisiýa işgäri gözegçilik edýärdi. Men ses bermän, yzyma çykyp gaýtdym. Goňşularymyň käbiriniň tutuş maşgala bolup ses berenini bilýärin” diýip, Aşgabadyň başga bir ýaşaýjysy gürrüň berdi.

“Meniň bir tanşym goňşulykdaky saýlaw uçastogyna ses bermäge gitdi, sebäbi kim ses bermese, ýakymsyz bir zatlar bilen ýüzbe-ýüz boljagy barada gürrüň ýaýardy. Ol baryp, kime ses bermeli diýip sorapdyr. Oňa kime ses bermek isleseňiz, şoňa ses beriň diýipdirler, ýöne ýuwaşlyk bilen ‘üçünjä ses bermelidigini’ aýdypdyrlar” diýip, çeşme aýtdy.

Şeýle-de ol penjireden synalandygyny we kän işjeňlik görmändigini gürrüň berdi.
“Işgär kän, ses berýän az” diýip, bir aýal aýtdy.

Şu aralykda Lebapdaky habarçymyz, güniň ikinji ýarymdan soň, saýlawa gelýän saýlawçylaryň sanynyň düýpli azalandygyny habar berdi.

Öýleden soň saýlaw nokatlarynda her sagatda 3-4 adam ses berdi, şondan soň, ýagny güniň ikinji ýarymdan soň saýlaw topary saýlaw işgärlerini ýaşaýjylaryň jaýlaryna iberdi; olar öýme-öý aýlanyp, saýlawa barmaly diýip, köp gatly jaýlaryň girelgelerinde ýazgy goýdy.

Men saýlawyň gidişini uzakdan synlap durkam bir mekdep okuwçysynyň eline çakylyk hatyny we iki sany pasport alyp gelýänini gördüm. Men ondan ‘nirä barýaň, saýlawamy?’ diýip soradym. Ol ‘hawa, saýlawa barýan’ diýip jogap berdi. Görüp otursam, ol 4-nji synp okuwçysy bolup, ejesiniň we kakasynyň ýerine ses bermäge barýan eken.

“Kakam işde, ejem bolsa öýde gyz jigime seredýär” diýip, oglan gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, saýlaw uçastogyndan telefon edip, çakylyk hatyny getirseňiz bolany, özüňiz gelip bilmeseňiz zyýany ýok diýipdirler.

Aşgabatdaky habarçymyz ýerli wagt bilen sagat 17-den soň saýlaw uçastoklarynyň boşap galandygyny, özüniň ol ýere baran ýeke-täk saýlawçy bolandygyny habar berdi.

“Býulleteni pasport soraman berdiler, ýaşaýan jaýymda ýazgy edilenleriň sany bilen bolsa asla gyzyklanmadylar. Üç býulleten berdiler, sorasam ýene berjekdiler. Itim, pişigim üçin berseler gerek diýip oýlandym. Býulletenleri adaty A4 ölçegli kagyza çap edipdirler, diňe beýle ýüzünde möhür basylypdyr diýmeseň, başga goragy ýok. Hemme ýerde arkadagly aýdymlar ýaňlanýar” diýip, Aşgabatdaky habarçymyz aýtdy.

Azatlygyň Mary sebitindäki habarçysynyň maglumatyna görä, prezident saýlawy welaýatyň sport mekdeplerinde, umumy bilim berýän orta mekdeplerinde, hünärment mekdeplerinde döredilen saýlaw uçastoklarynda ir sagat 8-de başlandy.

Mekdep mugallymlarynyň ählisi diýen ýaly saýlawa gatnaşdy, mugallymlara we hünärment mekdepleriniň, ÝOJ-laryň talyplaryna sagat 12-ä çenli çäre ýerlerinden gitmezlik, aýdym-saz çärelerine gatnaşyp, tans etmek şatlanmak tabşyryldy diýip, habarçymyz aýtdy.

Saýlaw uçastoklarynyň ählisinde lukman ulaglary, polisiýa ulaglary, häkimlik edarasyndan 1 adam, bilim edarasyndan 1 adam nobatçylyk etdi.

Saýlawa gatnaşan raýatlaryň içinde öz hojalyklaryndaky adamlaryň ählisiniň pasportlaryny alyp gelip, bir saýlawçy bolup, ähli hojalygyň adyndan ses berip gaýdanlary hem az bolmady.

Sebit merkeziniň Mollanepes köçesiniň ugrundaky Ylham köşgüniň öňünde baýramçylyga bagyşlanan aýdym-sazly, tansly dabara gurnaldy, halk döredijilik toparlary milli egin-eşikli tans etdiler, iki sany göçme bazar gurnaldy, gara öýleri dikip, töwereginde gadymy küýzeleri, dutar-gyjak ýaly saz gurallaryny, dermanlyk ot-çöpleri goýup, irden telewideniýe üçin ýazgy etdiler diýip, habarçymyz aýtdy.

Şeýle-de ol Mollanepes köçesinde ýerleşýän Kemine drama teatrynyň hem saýlaw uçastogy bolup, ol ýerde hem wideo ýazgy üçin ýörite çäre gurnalandygyny habar berdi.

Resmi maglumata görä, ýerli wagt bilen sagat 19-a çenli saýlawçylaryň 97,12% ses berdi.

Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 97,68%, Balkan welaýatynda 97,29%, Daşoguz welaýatynda 96,80%, Lebap welaýatynda 97,13%, Mary welaýatynda 96,97%, Aşgabat şäherinde 97,51% ses berdiler.

Şeýle-de, daşary ýurtlardaky saýlaw uçastoklarynda saýlawçylaryň 90,93% ses berendigi, ýöne daşary ýurtlardaky käbir saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň dowam edýändigi aýdylýar.

Rus dilinde hem okaň!

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG