Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Italiýa oligarh Melniçenkonyň 578 million dollarlyk gämisini saklady


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Italiýan häkimiýetleri Russiýa Ukraina çozanyndan soň ÝB sanksiýalarynyň sanawyna girizilen rus milliarderiniň eýeçiligindäki gymmat bahaly gämini saklady.

“Sailing Yacht A” diýlip atlandyrylan gämi rus dökün öndürijisi “EuroChem Group” we SUEK kömür kompaniýalarynyň eýesi bolan rus milliarderi Andreý Igorewiç Melniçenka degişli.

Bahasy 578 million dollar töweregi diýlip çak edilýän gämi dünýäniň iň uly ýelkenli ýahtasy diýip, italiýan hökümeti aýtdy.

Italiýan polisiýasy geçen hepde ÝB sanksiýalarynyň sanawyna girizilen ýokary derejeli russiýalylaryň bäşisiniň 156 million dollarlyk willalaryny we ýahtalaryny tussag etdi.

XS
SM
MD
LG