Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina rus güýçleriniň Mariupolda 80 raýata pena bolan metjidi topa tutandygyny aýdýar


Ukrainanyň Daşary işler ministrligi 12-nji martda Ukrainanyň günortasyndaky port şäheri Mariupolda 80-den gowrak uly adamyň we çagalaryň, şol sanda türk raýatlarynyň gaçybatalgasyna öwrülen metjidiň topa tutulandygyny aýtdy.

Ukrain häkimiýetleri rus güýçlerini ewakuasiýa ýollaryny topa tutmakda we parahat ilatyň 430,000 adamlyk şäherden gaçyp gutulmagynyň öňüni almakda aýyplaýar.

Merhemetli Soltan Süleýmanyň we onuň aýaly Roksolananyň [Hurrem Soltan] Mariupoldaky metjidi rus basybalyjylary tarapyndan topa tutuldy" diýip, Daşary işler ministrligi twittered aýtdy.

"Türkiýäniň raýatlary bilen birlikde, ol ýerde 80-den gowrak uly adam we çagalar atyşykdan goranýar" diýip, beýanatda aýdylýar.

habarda metjit oka tutulanda ölen ýa ýaraly bolan adamlaryň bolandygy aýdylmady. Moskwa asuda ilaty nyşana alýandygy barada aýdylýanlary ret edýär.

BMG 11-nji martda rus güýçleriniň Ukrainanyň ilatly ýerlerinde klaster bombalaryny ulanýandygy barada ygtybarly maglumatlary alandygyny aýtdy.

Halkara kanunçylygy giň meýdana ýaýraýan çaklaňja partlaýjy maddalary şäherlerde we şäherçelerde ulanmagy gadagan edýär.

XS
SM
MD
LG