Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenabatda saýlaw resmileri gapyma-gapy aýlanyp başladylar


Saýlawçy ses berýär (arhiw)

Azatlygyň Lebap sebitindäki habarçysy prezident saýlawlarynyň Türkmenabat şäherinde ir sagat 7-de başlanandygyny habar berdi.

Türkmenabatdaky habarçymyz, güniň ikinji ýarymdan soň, saýlawa gelýän saýlawçylaryň sanynyň düýpli azalandygyny habar berdi.

Öýleden soň saýlaw nokatlarynda her sagatda 3-4 adam ses berdi, şondan soň, ýagny güniň ikinji ýarymdan soň saýlaw topary saýlaw işgärlerini ýaşaýjylaryň jaýlaryna iberdi; olar öýme-öý aýlanyp, saýlawa barmaly diýip, köp gatly jaýlaryň girelgelerinde ýazgy goýdy.

Men saýlawyň gidişini uzakdan synlap durkam bir mekdep okuwçysynyň eline çakylyk hatyny we iki sany pasport alyp gelýänini gördüm. Men ondan ‘nirä barýaň, saýlawamy?’ diýip soradym. Ol ‘hawa, saýlawa barýan’ diýip jogap berdi. Görüp otursam, ol 4-nji synp okuwçysy bolup, ejesiniň we kakasynyň ýerine ses bermäge barýan eken.

“Kakam işde, ejem bolsa öýde gyz jigime seredýär” diýip, oglan gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, saýlaw uçastogyndan telefon edip, çakylyk hatyny getirseňiz bolany, özüňiz gelip bilmeseňiz zyýany ýok diýipdirler.

Türkmenistanda 1991-nji ýylda garaşsyz ýurt bolany bäri geçirilen saýlawlaryň hiç biri hukuk toparlary we günbatar saýlaw gözegçileri tarapyndan hiç wagt azat we adalatly diýlip atlandyrylmady.

XS
SM
MD
LG