11-nji martda Amerikanyň Arizona ştatynyň Tempe şäherinde Türkmenistanyň raýaty Agamyrat Agambaýew atylyp öldürildi. "Turkmen.news" neşiriniň we türkmenistanly raýata degişli ýaly bolup görünýän Twitter hasabynyň maglumatlaryna görä, ol ot açylmagy netijesinde alan ok ýarasyndan heläk boldy.
Garaşsyz neşiriň 12-nji martda çap eden maglumatynda waka barada ýerli habar beriş serişdeleriniň hem habar berendigi, ýöne onda pidanyň ýa-da hüjümçiniň atlarynyň mälim edilmeýändigi bellenilýär.
"Ýerli polisiýanyň maglumatyna görä, näbelli atyjy, görnüşine görä, Agamyradyň awtoulagyny ele geçirmäge synanyşypdyr. Maşyn atylan oklar sebäpli eleme-deşik bolýar. Jenaýatçy wakanyň bolan ýerine ilkinji gelen polisiýa işgärine-de ot açdy. Oňa şikes ýetmedi. Wakanyň bolan ýerine goşmaça güýçler gelenden soňra ot atyjy saklandy" diýlip, neşiriň habarynda aýdylýar.
Bu aralykda, Agamyrat Agambaýewiň atylyp öldürilendigi barada Jahan atly türkmenistanly raýata degişli ýaly bolup görünýän Twitter hasaby hem habar berdi.
"Biz #Halkaratalyplary hökmünde ýokary hilli bilim almak üçin ABŞ-a gelýäris. Emma ABŞ-da gözegçiliksiz ýarag eýeçiligi hiç kimiň özüni howpsuz duýmagyna rugsat bermeýär. Bu gün, ýarag zorlugy sebäpli hyjuwly #Türkmen alymy Agamyrady ýitirdik. Ýüreklerimiz parça-parça. Biz ýas tutýarys. #RIP" diýip, tweetde aýdylýar.
Turkmen.news neşiri öz çeşmelerine salgylanyp, Agamyradyň yzynda aýalynyň we üç ýaşly çagasynyň galandygyny hem habar berýär.
Merhum Arizona ştat uniwersitetinde doktorlyk derejesini aldy. Ol 19 ylmy işiň we 250-den gowrak synyň awtorydy diýlip, habarda bellenilýär.
Türkmen häkimiýetleri we döwlet mediasy türkmenistanlylar bilen ilteşikli daşary ýurt metbugat serişdelerinde çykýan habarlar barada mesele gozgamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.