Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polýak prezidenti Russiýanyň Ukrainada himiki ýarag ulanmagynyň ýagdaýy üýtgetjekdigini aýdýar


Andrzej Duda

Polşanyň prezidenti Andrzej Duda Russiýanyň Ukrainada himiki ýaraglary ulanmagynyň ýagdaýy düýpden üýtgetjekdigini we NATO-nyň bu meselä nähili çärä görmelidigi barada çynlakaý pikirlenmelidigini aýtdy.

"Eger ol köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň haýsam bolsa birini ulansa, bu ýagdaýlaryň düýpgöter üýtgemegine alyp geler” diýip, Duda 13-nji martda BBC-niň žurnalistiniň rus prezidenti Wladimir Putiniň himiki ýarag ulanmagynyň NATO üçin gyzyl çyzyk bolup biljekdigi ýa-da däldigi barada beren sogaryna jogap berende aýtdy.

“Elbetde, Demirgazyk Atlantik bileleşigi we onuň Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky liderleri stoluň başyna geçip, hakykatdanam näme etmelidigi barada çynlakaý pikirlenmeli bolarlar, sebäbi şondan soň bu has howply bolup başlaýar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Bu gürrüň NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenbergiň Germaniýanyň "Welt am Sonntag" gazeti bilen söhbetdeşlikde Russiýanyň Ukrainada himiki ýaraglary hem ulanyp biljekdigi we beýle hereketiň uruş jenaýaty boljakdygy barada aýdan sözleriniň yz ýanyndan edildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG