Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan Ukraina ilkinji resmi ynsanperwer kömegini iberýär


Ynsanperwerlik kömegi. Almaty aeroporty, 14-nji mart, 2022

Gazagystan ynsanperwerlik kömegi hökmünde Ukraina 28 tonna derman iberdi. Bu Gazagystanyň hökümetiniň tassyklamagynda Ukraina iberilen ilkinji gumanitar kömek bolup durýar.

Mundan ozal meýletinçiler we höwesjeňler, Ukrainanyň Gazagystandaky ilçihanasynyň üsti bilen, Kiýewe ynsanperwerlik kömegini berdiler.

Almaty howa menziliniň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, ynsanperwer kömegini alyp gitjek ilkinji uçar 14-nji martda, irden Ukraina tarap ugur aldy. Iberilen ynsanperwer kömeginiň umumy agramy 28,2 tonna bolup, dürli dermanlary we saglyk enjamlaryny öz içine alýar.

Gazagystanyň Saglyk ministrliginiň maglumatyna görä, 15-nji martda Almaty howa menzilinden Ukrainanyň raýatlaryna niýetlenen ikinji ynsanperwer ýüküni ibermek meýilleşdirilýär.

Ministrlik Gazagystanyň bu kömegi ukrain tarapynyň resmi ýüzlenmesi esasynda iberýändigini aýtdy.

Gazagystanlylar mart aýynyň başynda Russiýanyň harby çozuşyna sezewar bolan Ukraina ibermek üçin kömek ýygnap başladylar. 11-nji martda olar Ukrainanyň halky üçin ýygnalan 40 tonna ýüki iki sany ýük awtoulagyna ýükläp, Gazagystanyň paýtagtyndan Ukraina ugratdylar.

Şeýle-de, Ukrainanyň Gazagystandaky ilçisi Petro Wrublewskiniň sözlerine görä, 11-nji martda "takmynan 25 tonna ýük howa gatnawy arkaly Ukraina iberildi".

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG